ME­SE­LE­LE­RIŇ GIŇ TOP­LU­MY­NA GA­RAL­DY

29-njy maýda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi.

Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerindäki alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça Milli Parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi, anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ykdysady we maliýe ulgamlarynda ygtyýarlylandyrmak işlerini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini belledi. Şoňa görä «Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakyndaky» Karara gol çekip, hormatly Prezidentimiz degişli wise-premýere kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisde milli Liderimiz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm bölegidigini belledi. Ol tebigy gazyň dünýä bazaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden ybarat bolup, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir.

«Welaýatlar boýunça 2020-nji ýylda güýzlük ýeralmany, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek hem-de olaryň bol hasylyny öndürmek hakyndaky» Karara gol çekip, milli Liderimiz Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda 5-nji iýundan, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda bolsa 12-nji iýundan galla oragyna başlamaga ak pata berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 25 ýyllygy mynasybetli bina edilýän desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly ähli meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygy barada degişli wise-premýere görkezme berdi.

Mejlisde ýurdumyzda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak we kämilleşdirmek, ulag toplumynyň bäsleşige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrmak, üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi, bu babatda degişli wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisde milli Liderimiz söwda toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, söwda hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça işleriň möhümdigini belledi, degişli wise-premýere bu meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer hasabatynda 22 — 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen «Türkmeniň Altyn asyry» döredijilik bäsleşiginiň jemleriniň jemleniljekdigini hem-de «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Aşgabat şäher we welaýat tapgyrlaryna şu ýylyň iýul aýyndan başlamagyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Döredijilik bäsleşikleriniň netijeleriniň jemlenilmegi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň häzirki döwürde gazananlaryny wagyz etmek işinde, ýaşlary terbiýelemekde bu medeni çäreleriň ägirt uly ähmiýetini belledi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz öňde boljak baýramçylygyň — Bütindünýä welosiped gününiň möhümdigini nygtap, yzygiderli fiziki işjeňligiň, pyýada ýöremegiň, welosiped sürmegiň we sport bilen meşgullanmagyň saglygy berkitmek üçin örän uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Wise-premýeriň, DIM-niň ýolbaşçysynyň hasabatyny diňläp, milli Liderimiz birnäçe resminamalaryň kabul edilmegi göz öňünde tutulýan GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy baradaky meseläni gozgady we degişli Buýruga gol çekdi, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Milli Parlamentiň işini kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz Mejlisiň amala aşyrýan kanun çykaryjylyk işiniň jemgyýetiň bähbidine gabat gelmelidigini, şunda halk wekilleriniň esasy wezipesiniň tutuş ilatyň bähbidine wekilçilik edip, kanun taslamalarynda döwletimiziň durmuş bähbitli ugurlaryny beýan etmekden ybaratdygyny belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Harby doktrinamyzdan ugur almak bilen harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýanyndaky ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryny döwrebaplaşdyrmak üçin degişli resminama gol çekdi hem-de degişli wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

“Nesil” gazeti,

02.06.2020ý.