2-nji iýunda hormatly Prezidentimiziň Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) prezidenti Dawid Lappartýen hemde «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarow bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.
Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçysy guramanyň adyndan milli Liderimize dünýäniň welosiped sportuny ösdürmekde örän uly ähmiýetli halkara başlangyjy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmekde we ony halkara derejä çykarmakda döwlet Baştutanymyzyň bitiren işleriniň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçy düzüminiň geçiren mejlisiniň jemleri boýunça Türkmenistanyň Prezidentini bu guramanyň iň ýokary sylagy bilen sylaglamak hakynda karar biragyzdan kabul edildi. Bu sylag aýratyn tapawutlanan şahsyýetlere berilýär. Bu barada aýtmak bilen, jenap Dawid Lappartýen 2007-nji ýyldan bäri bu sylaga hiç kimiň mynasyp bolmandygyny aýratyn belledi. Bu abraýly sylag görnükli şahsyýetlere, şol sanda welosiped sportunyň tarapdarlaryna hem-de ony ösdürmäge we dünýä derejesinde ilerletmäge uly goşant goşan ýokary wezipeli syýasy işgärlere gowşurylýar.
Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, ol bu sylagy 3-nji iýunda hormatly Prezidentimiziň hut özüne gowşurmak isleýärdi, emma dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaý zerarly häzirki wagtda bu mümkin däl. Şunuň bilen baglylykda, jenap Dawid Lappartýen pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň bu howply ýokanja garşy göreşmekde tutuş dünýä bileleşigi üçin nusgalyk bolandygyny aýratyn nygtady. Şeýle hem Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçysy milli Liderimize gurama berilýän goldaw, hususan-da, 2021-nji ýylda Aşgabatda trek welosporty boýunça Dünýä çempionatyny geçirmäge mümkinçilik döredendigi üçin sagbolsun aýtdy.
«ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, öz nobatynda, hormatly Prezidentimize ýüzlenip, Halkara welosipedçiler birleşiginiň iň ýokary sylagy bilen türkmen Liderini sylaglamak barada karara gelendigine tüýs ýürekden guwanýandygyny belledi. Igor Makarowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda doglan hem-de tejribeli welosipedçi hökmünde, öz wagtynda ýurdumyzyň ýygyndy toparynda çykyş edip, Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) Ýolbaşçy komitetiniň agzasy hökmünde şol karara aýratyn buýsanýandygyny aýtdy. Şeýle hem Igor Makarow geljek ýyl Aşgabatda geçiriljek trek welosporty boýunça Dünýä çempionatynyň türkmen Lideriniň goldaw bermeginde ýokary derejede guralyp, dünýäniň welosiped sportunda ýatdan çykmajak waka öwrüljekdigini, tejribeli welosiped sürüjilere hem-de welosiped sportunyň millionlarça muşdaklaryna ajaýyp sowgat boljakdygyny buýsanç bilen belledi. Türkmenistanyň Baştutanynyň geljekde hem ählumumy bähbidiň hatyrasyna bütin dünýäde sportuň bu ajaýyp görnüşini ösdürmäge we ilerletmäge işjeň ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Halkara welosipedçiler birleşiginiň prezidentine hem-de «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyna, UCI-niň Ýolbaşçy komitetiniň agzasyna ýüzlenip, milli Liderimiz Bütindünýä welosiped gününiň öň ýanynda olar bilen onlaýn arkaly duşuşýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Diýarymyzda welosiped sportuny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Köpçülikleýin welosipedli ýörişler bizde asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa döwletimizde sport hereketini ösdürmek bilen birlikde, raýatlarymyzyň sport bilen meşgullanmagyny hem höweslendirýär. Halkara welosipedçiler birleşiginiň Aşgabada 2021-nji ýylda trek welosporty boýunça Dünýä çempionatyny geçirmäge hukuk bermegi hem munuň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem geljek ýylda geçiriljek çempionatyň dünýä sport senenamasynda şanly waka öwrüljekdigine, sebit we ählumumy derejede welosiped sportuny ösdürmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bu abraýly ýaryşlary üstünlikli geçirmek we örän ýokary derejede guramak üçin ähli zerur çäreleri görjekdigini nygtady.
Milli Liderimiz Halkara welosipedçiler birleşiginiň hem-de «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçylaryna Türkmenistan bilen Halkara welosipedçiler birleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan saldamly goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de olara berk jan saglyk we abadançylyk, jogapkärli işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
04.06.2020ý.