4-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri hem-de bu edaralaryň işini mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp wezipeleri girizildi.
Ilki bilen, goranmak ministri hasabat döwründe alnyp barlan we garamagyndaky düzümlerde geçirilýän köpugurly işler, ýazky harby gulluga çagyryş möwsüminiň barşy hakynda hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermek işine okatmagyň täze usullarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Soňra içeri işler ministri, Döwlet serhet gullugynyň başlygy degişli döwürde ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň jemleri, jemgyýetçilik tertibini saklamak, raýatlarymyzyň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça ýerine ýetirilen çäreler hakynda hasabat berdiler. Şeýle hem Döwlet serhet gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de harby gullukçylaryň birkemsiz gulluk etmegi üçin degişli şertleri döretmek meseleleri beýan edildi. Hasabatlary diňläp, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy döwrüň talaplaryna laýyklykda, kazyýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça hasabat döwründe geçirilen işler barada hasabat berdi. Netijeli kazyýet önümçilik işine ähli şertleri döretmegiň zerurdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz bu babatda edaranyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak hakynda Permana gol çekdi.
Baş prokuror we milli howpsuzlyk ministri çykyş edip, degişli ugurlarda ýerine ýetirilen işler, hususan-da, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň pugta ýerine ýetirilmegine edilýän gözegçilik, milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Kanunlaryň berk berjaý edilmegini üpjün etmekde hemde bikanun hereketleriň islendik görnüşleriniň öňüni almakda prokuratura edaralaryna ähmiýetli ornuň berilýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu babatda Baş prokurora birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet howpsuzlygyny üpjün etmekde MHM-iň alyp barýan işlerine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz halkymyzyň asuda, döredijilikli durmuşynyň sütünlerini pugtalandyrmak üçin toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini tabşyrdy.
Adalat ministri kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Hukuk sowatlylygyny üpjün etmegiň ministrligiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýandygyny nygtap, milli Liderimiz bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy we Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy degişli döwürde ýolbaşçylyk edýän edaralarynyň ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdiler. Döwlet Baştutanymyz gümrük gullugynyň ähli düzümlerinde netijeliligi ýokarlandyrmagyň, pudagara maglumatlary alyşmak üçin döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtap, bu babatda Döwlet gümrük gullugynyň başlygyna anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegi, ýaş hünärmenleri taýýarlamagy dowam etmelidigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz bu babatda Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary gözegçilik edýän edaralarynyň ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat bilen çykyş etdi. Şeýle hem mejlisiň çäklerinde milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda taýýarlanylan athananyň taslamalary hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna halkymyzyň asuda we bagtly durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen goranyş häsiýetli Harby doktrina üýtgewsiz eýerilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hödürlenen taslamalara birnäçe bellikleri aýdyp hemde degişli düzedişleri girizip, hormatly Prezidentimiz täze toplumyň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi. Onda atlary saklamak, seýislemek we türgenleşdirmek işleriniň netijeli guralmagy göz öňünde tutulmalydyr.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
“Nesil” gazeti,
06.06.2020ý.