11-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň hojalyk düzümini kämilleşdirmek, degişli athanany gurmak, gök-bakja ekinlerini, miweçiligi ösdürmek, şeýle hem bu düzümlere degişli dynç alyş sagaldyş merkezini bina etmek üçin niýetlenen ýerler we degişli taslamalar bilen tanyşdy.
Ir bilen döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň eteginde ýerleşýän gözel künjekleriň birine geldi. Bu ýerde milli Liderimizi harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ýakynda geçen mejlisinde berlen tabşyryklardan ugur alyp, ýerine ýetirilen işler, şeýle hem gurulmagy meýilleşdirilýän athananyň desgalarynyň taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalar we binalaryň ýerleşjek ýerlerini görkezýän çyzgylar bilen jikme-jik tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi.
Milli Liderimiz harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň dürli ugurlar bilen bir hatarda, bedewleri seýislemek, at çapmak ýaly hünärleri ele almagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Munuň özi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Atçylyk toparynyň harby gullukçylary üçin aýratyn möhümdir.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentine, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin gurulmagy meýilleşdirilýän dynç alyş-sagaldyş merkeziniň ýerleşjek ýerleriniň taýýarlanandygy barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz bu desganyň guruljak ýerine tarap ugrady. Bellenilişi ýaly, täze merkezde dynç aljaklara hödürlenjek hyzmatlaryň ýokary derejesi üpjün ediler. Onuň ýanaşyk ýerleri häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylar. Şeýle hem binalaryň gurluşygy meýilleşdirilende, bu künjegiň tebigy aýratynlyklary nazara alynýar. Milli Liderimiz desganyň ýerleşişi bilen tanşyp, bu ýerde ulularyň we çagalaryň göwnejaý dynç almagy üçin oňaýly şertleriň döredilmeginiň zerurdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen tanşyp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň özlerine degişli ýer böleklerinde gök we bakja ekinlerini, ir-iýmişleri ösdürip ýetişdirmek baradaky tekliplerini oňlady.
Hormatly Prezidentimiz dürli miwelerden, aýratyn-da, aýwadan taýýarlanylýan mürepbäniň ynsan saglygy üçin ýokumlydygy barada anyk maglumatlaryň üsti bilen gürrüň berdi, şeýle-de bu işleri toplumlaýyn hem-de ylmy esasda ösdürmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň gök, bakja we miwe önümlerini ösdürip ýetişdirmekleri bilen bir hatarda, olary gaýtadan işlemek meselelerini, soňky tapgyrda bolsa ýyladyşhanalary gurmak işleriniň ýola goýulmalydygyny aýdyp, munuň harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň, harby gullukçylaryň we ýaş esgerleriň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmeginde, olaryň halal zähmete bolan söýgüsini ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz zähmet terbiýesinde gadymdan gelýän milli ýörelgeleriň wajypdygy, ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýe hereketine işjeň çekmegiň zerurdygy barada aýdyp, degişli wezipeleri çözmäge toplumlaýyn esasda jogapkärli çemeleşmegi tabşyrdy.
Soňra milli Liderimiz ak mermerli Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Döwlet münberiniň ýanyndaky Baş meýdança geldi. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneler mynasybetli dabaraly ýörişleriň guralýan künjeginiň abadançylyk derejesine möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna guraljak baýramçylyk çärelerine, aýratyn-da, harby ýörişe häzirki günlerden ykjam taýýarlyk görmek, möhüm syýasy ähmiýeti bolan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
“Nesil” gazeti,
13.06.2020ý.