ÝAŞLARYŇ ARASYNDA YLMY IŞLER BOÝUNÇA GEÇIRILEN BÄSLEŞIGIŇ JEMLERI

Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 14109-njy Kararyna laýyklykda ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli, karar edýärin:

1. Şu ýaş­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Ylymlar aka­de­mi­ýa­sy­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­synyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň 2020-nji ýyl­da yl­my iş­ler bo­ýun­ça bi­le­lik­de ge­çi­ren bäsle­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri di­ýip yg­lan et­me­li we nout­buk komp­ýu­ter­le­ri bi­len sy­lag­la­ma­ly:

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýa­sy­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­tynyň ki­çi yl­my iş­gä­ri Rahim Selimowiç Hojamyradowy — 1-nji orun;

My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky Türkme­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uniwer­si­te­ti­niň Kli­ni­ki far­ma­ko­lo­gi­ýa we en­dok­ri­no­lo­gi­ýa okuw­ly gos­pi­tal te­rapi­ýa­sy ka­fed­ra­sy­nyň kli­ni­ki or­di­na­to­ry Yklym Çarymuhammedowiç Bolmämmedowy — 1-nji orun;

S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň Mal­dar­çy­lyk we we­te­ri­na­ri­ýa yl­my-önüm­çi­lik mer­ke­ziniň epi­zoo­to­lo­gi­ýa bar­lag­ha­na­sy­nyň ylmy iş­gä­ri Merdan Rejepmämmedowiç Taýewi — 1-nji orun;

 Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň jem­gy­ýe­ti öw­re­niş ylym­la­ry ka­fed­ra­sy­nyň öw­re­ni­ji mu­gallymy Wepa Döwletgeldiýewiç Döwletgeldiýewi — 1-nji orun;

Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň Fi­zio­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­kez­li hassa­ha­na­sy­nyň göw­re­li aýal­la­ryň pa­to­logi­ýa­sy bö­lü­mi­niň luk­ma­ny Ogulkeýik Rahymberdiýewna Hojageldiýewany — 3-nji orun;

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nynda­ky Döw­let gul­lu­gy aka­de­mi­ýa­sy­nyň diňleýjisi Begenç Nobatowiç Bazarowy — 3-nji orun;

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let, hu­kuk we de­mok­ra­ti­ýa ins­ti­tu­ty­nyň döw­leti öw­re­niş bö­lü­mi­niň uly yl­my iş­gä­ri Aýna Allamuradowna Tangyýewany — 3-nji orun;

Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adynda­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Geňe­şi­niň me­de­ni­ýet bö­lü­mi­niň mü­di­ri Gurbanmyrat Muhammedowiç Muhammedowy — 3-nji orun;

Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky Inžener-tehnologiýalar uni­wer­si­te­ti­niň in­no­wa­si­ýa­la­ryň yk­dy­sa­dy­ýe­ti ka­fed­rasy­nyň öw­re­ni­ji mu­gal­ly­my Jemal Çaryýarowna Kulyýewany — 3-nji orun;

Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistrli­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry we dip­lo­ma­ti­ýa ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my Akmuhammet Aýdogdyýewiç Jumagulyýewi — 3-nji orun;

Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iň­lis fi­lo­lo­gi­ýa­sy ka­fed­ra­sy­nyň mugal­ly­my Gunça Gurbanmyradowna Gurbanmyradowany — 3-nji orun;

Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň spor­tuň mediki-biologik üp­jün­çi­li­gi ka­fed­ra­sy­nyň öw­re­ni­ji mu­gal­ly­my Mälikberdi Atageldiýewiç Atageldiýewi — 3-nji orun;

Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ma­li­ýe ka­fed­ra­sy­nyň öw­re­ni­ji mu­gal­lymy Gültäç Meretdurdyýewna Annamämmedowany — 3-nji orun;

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­nyň sun­ga­ty öw­re­niş ka­fedra­sy­nyň mu­gal­ly­my Jemal Nuryýewna Toryýewany — 3-nji orun;

Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň başlan­gyç synp­lar­da we mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da okat­ma­gyň usu­lyýe­ti ka­fed­ra­sy­nyň öw­re­ni­ji mu­gal­ly­my Muhammet Hemraýewiç Jumaýewi — 3-nji orun;

Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki dil ders­le­ri çuňlaş­dy­ry­lyp öw­re­dil­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 97-nji or­ta mek­de­biň 11-nji synp okuwçy­sy Aýjahan Penamuhammedowna Gulhanowany — 3-nji orun;

Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň ta­ryh fa­kul­te­ti­niň 4-nji ýyl talyby Baýmyrat Serdarberdiýewiç Annabaýewi — 1-nji orun;

Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň geo­lo­gi­ýa fa­kul­te­ti­niň 3-nji ýyl ta­ly­by Enejan Penjiýewna Babaýewany — 1-nji orun;

Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we dolan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň ma­li­ýe fa­kul­te­ti­niň 4-nji ýyl talyby Aýgül Baýrammämmedowna Abaýewany — 1-nji orun;

Türk­me­nis­ta­nyň Inžener-tehniki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň ulag­lar fa­kul­te­ti­niň 4-nji ýyl ta­ly­by Döwrangeldi Döwletnazarowiç Suwhanowy — 1-nji orun;

Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­kasi­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ara­gat­na­şy­gyň ra­dio­teh­no­lo­gi­ýa­la­ry fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Kuwwat Astanagulyýewiç Abraýewi — 1-nji orun;

Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň te­bigat bi­lim­le­ri we ma­te­ma­ti­ka fa­kul­te­tiniň 5-nji ýyl talyby Aman Berdimyrat ogly Berdimyradowy — 1-nji orun;

Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň hu­kuk fa­kul­te­tiniň 4-nji ýyl talyby Mähri Agamyradowna Şamuradowany — 2-nji orun;

Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň geo­lo­gi­ýa fa­kul­te­ti­niň 4-nji ýyl ta­ly­by Dürjahan Patşagulyýewna Ataýewany — 2-nji orun;

Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş fa­kul­te­ti­niň 5-nji ýyl talyby Ýazmyrat Saparmyradowiç Gulmämmedowy — 2-nji orun;

My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky Türk­menis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­site­ti­niň ke­sel­le­riň öňü­ni alyş fa­kul­te­ti­niň 4-nji ýyl talyby Gülöwser Muhommetjumaýewna Esenowany — 2-nji orun;

S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­mek fa­kul­te­tiniň 3-nji ýyl ta­ly­by Kadyr Ýazmyradowiç Amanowy — 2-nji orun;

S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň gid­ro­me­lio­ra­si­ýa fa­kul­te­ti­niň 4-nji ýyl ta­ly­by Annageldi Serdarowiç Annaýewi — 2-nji orun;

Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky Inžener-tehnologiýalar uni­wer­si­te­ti­niň hi­mi­ýa we na­no­teh­no­lo­gi­ýa fa­kul­te­ti­niň 3-nji ýyl ta­ly­by Patma Meretniýazowna Igdyrowany — 2-nji orun;

Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň dil öw­re­niş bö­lümi­niň žur­na­lis­ti­ka hü­nä­ri­niň 1-nji ýyl talyby Sülgün Bazarowna Bazarowany — 2-nji orun;

Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň Ma­li­ýe fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Dowran Silapberdiýewiç Ýazdurdyýewi — 2-nji orun;

Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň bank işi fa­kul­te­ti­niň 4-nji ýyl ta­ly­by Akmyrat Begmyradowiç Şiriýewi — 2-nji orun;

Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistrli­gi­niň ins­ti­tu­ty­nyň hu­kuk fa­kul­te­ti­niň 2-nji ýyl ta­ly­by Saparsoltan Serdarowna Darrynowany — 2-nji orun;

Türk­men döw­let binagärlik-gurluşyk ins­ti­tu­ty­nyň ýol gur­lu­şy­gy fa­kul­te­ti­niň 4-nji ýyl talyby Serdar Merdanowiç Bekmämmedowy — 2-nji orun;

Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­tynyň sy­ýa­hat­çy­lyk fa­kul­te­ti­niň 5-nji ýyl talyby Jennet Çaryýargulyýewna Seýdiýewany — 2-nji orun;

Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň kom­po­zi­si­ýa, saz öw­re­niş we for­te­pia­no fa­kul­te­ti­niň 4-nji ýyl talyby Aýtäç Ahmetberdiýewna Mededowany — 2-nji orun;

Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistrli­gi­niň Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky Har­by ins­ti­tu­ty­nyň 5-nji ýyl harby talyby Kerim Döwletowiç Baýgeldiýewi — 2-nji orun;

Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň we­te­ri­nar luk­man­çy­ly­gy fa­kul­te­ti­niň 4-nji ýyl talyby Abdyrahman Jumadurdyýewiç Annamyradowy — 2-nji orun;

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­tika ins­ti­tu­ty­nyň senagat-tehnologiýa fa­kul­te­ti­niň 3-nji ýyl ta­ly­by Nepes Magsatmyradowiç Saparnazarowy — 2-nji orun;

Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty fa­kul­te­ti­niň 4-nji ýyl ta­ly­by Kakajan Hojagurbanowiç Çaryýarowy — 3-nji orun;

Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­nika­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mag­lu­mat ul­gam­la­ry­nyň howp­suz­lygy fa­kul­te­ti­niň 1-nji ýyl ta­ly­by Ýusup Amanmämmedowiç Gurbanmämmedowy — 3-nji orun;

Türk­men döw­let binagärlik-gurluşyk ins­ti­tu­ty­nyň hi­mi­ýa teh­no­lo­gi­ýa­sy fa­kul­te­ti­niň 5-nji ýyl ta­ly­by Rasulbek Bazarbaýewiç Tangriberganowy — 3-nji orun;

Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň be­den­ter­bi­ýe fa­kul­tetiniň 5-nji ýyl talyby Nurgeldi Jepbarowiç Annamuhammedowy — 3-nji orun;

Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň roman-german dil­le­ri we ede­bi­ýaty fa­kul­te­ti­niň 5-nji ýyl ta­ly­by Laçyn Merdanowany — 3-nji orun;

Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tuty­nyň ki­tap­ha­na­çy­lyk fa­kul­te­ti­niň 3-nji ýyl talyby Gunça Batyrowna Gurbanowany — 3-nji orun;

Türkmenistanyň Serhet institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Begli Guwanjowiç Gurbandurdyýewi — 3-nji orun;

2. Şu Ka­ra­ryň bi­rin­ji bö­le­gin­de görke­zi­len mak­sat­lar üçin çyk­da­jy­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ýaş alymla­ry gol­da­mak bo­ýun­ça gaz­na­sy­nyň seriş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na ma­li­ýe­leş­dir­me­li.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

“Nesil” gazeti,

13.06.2020ý.