9-njy iýunda Lebap welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.
...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň ekin meýdanlaryna geldi. Milli Liderimiziň awtoulagy kärendeçi Berdimyrat Narmämmedowyň ekin meýdanynyň çäginde saklandy.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Lebap welaýatynyň häkimi, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.
Milli Liderimiz ekerançynyň kärende meýdanynyň ýagdaýy, ýaşaýyş we iş şertleri, kärendeçilere döredilýän mümkinçilikler, ýetişdirilen hasylyň derejesi bilen gyzyklandy. Gallaçy maşgala agzalary bilen umumy meýdany 20 gektar bolan ýerden bol bugdaý hasylyny ösdürip ýetişdirýändigini gürrüň berdi. Berdimyrat döwlet tarapyndan oba zähmetkeşlerine yzygiderli kömek-goldawlaryň berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk sözlerini aýdyp, işlemek üçin döredilen oňyn şertler netijesinde öz kärende ýeriniň her gektaryndan 40 — 45 sentner hasyla garaşýandygyny uly guwanç bilen habar berdi.
Milli Liderimiz ekerançylykda daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, bu asylly işe ak ýürekden çemeleşmegiň her bir maşgalanyň rysgal-berekediniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepilidigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ene topraga tutanýerli zähmetini we yhlasyny siňdirýän ynsanyň döwlet tapýandygyny, berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň binýadyny berkitmäge mynasyp goşant goşýandygyny nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, ýokary öndürijilikli tehnikalara erk edýän mehanizatorlar bugdaýyň bereketli hasylyny ýygnamaga girişdiler. Bu ýerde daýhanlar we myhmanlar üçin dürli türkmen tagamlary taýýarlanyldy. Zenanlar bilen bolan gürrüňdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz milli tagamlaryň aýratynlyklaryna, olaryň ajaýyp tagamyna ünsi çekdi. Şol tagamlary taýýarlamagyň usullary nesilden-nesle geçirilip gelinýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň kömegi bilen galla oragynyň barşy, hususan-da, «CLAAS» we «John Deere» kysymly kombaýnlaryň işi bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz ulanylýan tehnikalaryň daýhanlar üçin uly kömekdigini hem-de olaryň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýändigini belläp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiziň kärendeçi Berdimyrat Narmämmedowyň ekin meýdanynda ýetişdirilen bugdaýyň oragyna ak pata bermegi mynasybetli bu ýerde pagtadan we bugdaýdan öndürilýän önümler, tohumlyk serişdeler hem-de çörek we çörek önümleri görkezildi.
Sergide şeýle hem gowaçanyň, bugdaýyň we beýleki dänelik ekinleriň ýokary hasylly, tiz ýetişýän hem-de kesellere durnukly görnüşleri görkezildi. Olar welaýatyň toprak-howa şertlerini nazara almak arkaly seçgiçi alymlar tarapyndan ýetişdirildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary milli Liderimize görkezilýän önümleriň aýratynlyklary barada gürrüň berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda tohumçylyk işini ösdürmegiň we şunuň bilen baglylykda, seçgiçi alymlaryň ylmy barlaglaryny geçirmegiň zerurdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra milli Liderimiz hemmelere, şol sanda kärendeçilere asylly zähmetiniň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi we kärendeçä gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady we gök-bakja ekinlerini we ýeralma ýetişdirmek bilen meşgullanýan «Tebigy ekin» daýhan hojalygynyň kärende ýerlerine tarap ugrady.
Milli Liderimiz daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Rüstem Bäşimow bilen gürrüňdeş bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler, kärende ýerleri, ýeralmanyň görnüşi hem-de onuň hasyllylyk derejesi bilen gyzyklandy.
Telekeçi döwlet Baştutanymyzy «Tebigy ekiniň» işi bilen tanyşdyryp, şu ýylyň fewral aýynda 370 gektar ýere ýeralmanyň «Gala» görnüşini ekendiklerini, onuň her gektaryndan bol hasyla garaşýandyklaryny gürrüň berdi. Döwletimiziň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek babatda uly goldaw berýändigi netijesinde, oba hojalyk önümçiliginde netijeli zähmet çekmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda telekeçileriň oba hojalyk pudagynda işjeňlik görkezýändiklerini kanagatlanma bilen belledi. Munuň özi ýurdumyzda önümleriň dürli görnüşleriniň bolçulygynyň üpjün edilmeginde, pudagyň eksport mümkinçilikleriniň artmagynda aýratyn möhümdir.
Daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy ýeralmanyň bu görnüşiniň şu sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýändigini, onuň hasyllylygynyň ýokarydygyny gürrüň berdi. Şeýle hem ol hasyl ýygnaýjy tehnikalaryň milli Liderimiziň tagallasy bilen Germaniýadan alnandygyny habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy bilen bolan gürrüňdeşliginde telekeçilik işiniň bu görnüşiniň ähmiýetini belledi. Halal zähmeti bilen döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan daýhanlar içerki bazarlarda ter gök we miwe önümleriniň bolçulygyny üpjün edýärler diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz kärendeçini ýetişdirilen bol hasyly bilen gutlap, oňa gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy we eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Şu waka mynasybetli welaýatyň oba hojalyk pudagynyň gazananlarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda ýerli gök we bakja önümleri görkezildi. Sergide bereketli türkmen topragynda öndürilýän, Jeýhunyň datly suwundan ganan ýeralma, sogan, käşir, pomidor, kelem, hyýar, gawun, garpyz, kädi we miwe önümleriniň dürli görnüşleri ýer aldy.
Agrar önümçiliginiň giňeldilmegi bilen ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň artdyrylmagy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň saçaklaryna ýylyň ähli paslynda ýokumly gök-bakja önümlerini ýetirmekden ybaratdyr diýip milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Milli Liderimiz döwrebap we ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak baradaky çözgüdiň daýhanlaryň, ekerançylaryň, mehanizatorlaryň zähmetiniň düşewüntliligini ýokarlandyrmak babatda esasy şert bolup durýandygyny belläp, olara Watanymyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň bazarlarynda bolçulygy üpjün etmäge goşýan saldamly goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de bu ýerden ugrady.
Döwlet Baş tutanymyz Lebaba iş saparyny tamamlap, şol gün Mary welaýatyna ugrady.
“Nesil” gazeti,
11.06.2020ý.