HALAL ZÄHMET — BAKY DÖWLET

16-njy iýunda Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Ir bilen milli Liderimiz S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Bossan» daýhan birleşiginiň ekin meýdanlaryna geldi. Döwlet Baştutanymyzyň ulagy gallaçy kärendeçi Amanýaz Berdiýewiň ak ekinli ýeriniň ýanynda saklandy.

Bu ýerde ekerançy daýhan maşgala agzalary bilen 21 gektar ýerde bugdaýyň «Hasylly» görnüşini ösdürip ýetişdirendigini, döwlet tarapyndan berilýän goldawyň utgaşmagy bilen bol hasyly kemala getirendigini gürrüň berdi.

Milli Liderimiz kärendeçiniň maşgala ýagdaýy, hojalygynda alyp barýan işleri bilen gyzyklandy. A.Berdiýew döwletli maşgalasynyň bardygyny, hojalygynda dowar saklap, ondan bol önüm alýandygyny gürrüň berdi. Şeýle hem A.Berdiýew hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilýändigini, hasyly ýygnap bolansoň, bu ýerde mäş ekmekçidigini, onuň her gektaryndan 20 sentner hasyl almaga borçlanýandygyny aýtdy.

Gallaçy kärendeçi döwlet Baştutanymyzdan galla oragyna ak pata bermegini haýyş etdi. Hormatly Prezidentimiz bol hasyl toplan bugdaýyň bir dessesini ordy we ekerança bol hasyl arzuw etdi.

Soňra milli Liderimiz galla orýan kombaýnlaryň ýanyna gelip, mehanizator Orunbaý Gaýypow bilen gürrüňdeş boldy. Tejribeli mehanizator bu kombaýnlaryň işlemek üçin hem, orak üçin hem örän amatlydygy, olaryň öndürijilik güýjüniň ýokarydygy barada aýtdy we şunuň ýaly kuwwatly tehnikalaryň yzygiderli alynýandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz kuwwatly däne orujy kombaýna mündi we kuwwatly tehnikany herekete girizip, bugdaý orup başlady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz oba zähmetkeşleriniň ygtyýaryna täze gelip gowşan tehnikalary synlady. Gowaça ekiji tehnika münüp, milli Liderimiz onuň häsiýetli aýratynlyklary, ondan soň bolsa, bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde dürli milli tagamlary taýýarlaýan gelin-gyzlaryň ýanyna geldi. Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary hem-de talyplary boş wagtlary kärendeçi daýhanlaryň arasyna gelip, olaryň armasyny ýetirip durýarlar. Milli Liderimiz gallaçylaryň armasyny ýetirýändikleri, ýagşy dessurlaryň ösdürilmegine goşant goşýandyklary üçin olara minnetdarlyk bildirip, toý paýy hökmünde, şeýle hem halal zähmeti bilen abraý eýesi bolan gallaçy kärendeçä we kombaýnça minnetdarlygyň nyşany hökmünde sowgatlary gowşurdy.

Ekerançylara zähmetde üstünlikleri arzuw edip, döwlet Baştutanymyz bu ýerden welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň çäginde ýerleşýän «Altyn tug» hususy kärhanasynyň ýyladyşhana toplumyna tarap ugrady. Döwrebap ýyladyşhana toplumynyň ýanynda hormatly Prezidentimizi «Altyn tug» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Isaguly Garabaýew garşylady.

Bu ýyladyşhana toplumy 2019-njy ýylda ulanylmaga berildi. Şol ýerde gök önümleriň dürli görnüşleri, şol sanda pomidoryň «Gök ýaýla» atly görnüşi, bolgar burçunyň «Bitarap — 20» atly gyzyl görnüşi, «Nabat» atly sary görnüşi hem-de «Datly» atly ýertudanasy ösdürilip ýetişdirilýär. Ýyladyşhananyň 10 gektar ýerinde pomidor, onuň aýry-aýry böleklerinde bolsa bolgar burçy hem-de ýertudana ösdürilip ýetişdirilýär.

Hususy kärhananyň ýolbaşçysy döredilýän ähli mümkinçilikler we şertler üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýyladyşhananyň işiniň awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýandygyny aýtdy. Bu ýerde ýylda 2 müň 500 tonna pomidor, 20 tonna ýertudanasy, 4 tonna bolgar burçy ösdürilip ýetişdirilýär. Ýyladyşhanada häzirki wagtda 120 işgär zähmet çekýär.

Döwlet Baştutanymyz ýyladyşhana hojalygy bilen tanyşlygyň barşynda telekeçiniň geljekki meýilnamalary bilen gyzyklandy. Şunda hususy kärhananyň ýolbaşçysy ýyladyşhanada banan ekmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz şu pudakda işleýänler üçin sitrus önümlerini ýetişdirmegiň ugurlaryny öwrenmegiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Bananyň peýdasy barada belläp, milli Liderimiz şunuň bilen bir hatarda, ananasy hem ýetişdirmegiň peýdaly boljakdygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde gök-bakja ekinleriniň hasyllarynyň ýerleşdirilen sergisi bilen tanyşdy. Daýhanlaryň topragy yzygiderli zerur dökünler bilen üpjün edip durmagynyň bol hasyl almagy şertlendirýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz şeýle hem etraplarda ýetişdirilýän bol hasyly saklamak üçin sowadyjylaryň gurulmagynyň zerurdygyny aýtdy hem-de degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

«Altyn tug» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysyna alyp barýan işinde ýene bir ýola üstünlik arzuw edip, milli Liderimiz oňa we onuň maşgala agzalaryna gymmat bahaly sowgadyny gowşurdy we döwletimiziň mundan beýläk-de telekeçilere ýakyndan goldaw berjekdigini aýtdy. Soňra döwlet Baştutanymyz Daşoguz şäherinde ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynyň rektoryna ýüzlenip, ýokary okuw mekdebinde talyplara berilýän bilimiň tejribe bilen utgaşdyrylmagynyň geljekde oba hojalyk pudagynda işlejek ýaş hünärmenler üçin derwaýysdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlardan satyn alynýan oba hojalyk tehnikalaryna ussatlyk bilen erk etmegi talyp ýaşlara häzirki wagtdan öwredilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Ýaşlary zähmete uýgunlaşdyrmagyň ýurdumyzyň dürli ugurlarda ösmeginiň kepili bolup durýandygyny belläp, milli Liderimiz ýaşlaryň häzirki zaman tehnologiýalaryny öwrenmekleriniň hem-de häzirki wagtda oba hojalygyny sanly ulgama geçirmegiň pudakdaky alnyp barylýan işleriň ýokary derejesini üpjün etjekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu babatda degişli görkezmeleri berip, ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň ekin meýdanlarynda yzygiderli bolmalydyklaryny we daýhanlaryň armasyny ýetirip durmalydyklaryny aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

“Nesil” gazeti,

18.06.2020ý.