AÝDYŇ ÝOLLARYŇ BEÝIK GELJEGI

12-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny depginli ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerindäki alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça Milli Parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi, anyk tabşyryklary berdi.

Ilki bilen, döwlet emlägini hususylaşdyrmagyň ykdysady bähbidine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz munuň ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berjekdigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, pudagyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, bu babatda öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň tejribesini öwrenmäge degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň hasabatynda bellenilişi ýaly, bu ministrlik Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Köpetdag sebitinde ýerleşýän «Mäne» ýatagyndan alynýan kwars çäge daşyny we demir gyryndylaryny hem-de nebit koksuny ulanmak arkaly himiki goşundyny öndürmek boýunça tejribe-synag işlerini geçirdi we oňyn netijeleri aldy. Ýurdumyzyň agyr senagatyny ösdürmek boýunça görülýän çäreleriň örän wajypdygyny aýdyp, milli Liderimiz ýerli çig malyň esasynda uly isleg bildirilýän gurluşyk önümlerini öndürmegi mundan beýläk-de içgin öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ekinlerini suw bilen üpjün etmäge we suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagyna, obasenagat toplumyna suwdan oýlanyşykly peýdalanmagyň öňdebaryjy tejribeleriniň ornaşdyrylmagyna uly üns bermek barada degişli wise-premýere görkezme berdi.

Ulag we kommunikasiýa toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini elektron görnüşe geçirmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, gazet-žurnallaryň web-saýtlary döredilýär, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri tarapyndan şolarda synag işleri geçirilýär. Milli Liderimiz wise-premýere bu ugurda bellenilen meýilnamalary amala aşyrmak üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.

Söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynda bellenilişi ýaly, her bir ýokary okuw mekdebiniň aýratynlygyny nazarda tutup we milli nagyşlaryň görnüşlerini ulanmak bilen, talyplar üçin sport lybaslarynyň täze nusgalary taýýarlanyldy. Bu önümleriň ýerlenilişini has-da giňeltmek üçin paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ýöriteleşdirilen birnäçe täze dükanlary açmak teklip edilýär. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, degişli görkezmeleri berdi.

Medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer 22 — 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligi — 2020-ä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi hem-de hormatly Prezidentimiziň garamagyna 2021-nji ýylda Medeniýet hepdeligini Lebap welaýatynda guramak hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi. Giň gerimli medeni çäräniň çäklerinde Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň «Nejep oglan» operasynyň ilkinji görkezilişi-de bolar. Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini hem-de «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçiriler. Milli Liderimiz degişli Karara gol çekdi we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýere ähli ylym, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak babatda mundan beýläk-de anyk çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmegiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz kanun çykaryjylyk işiniň iri döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň esasy guralydygyny hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini nygtady. Mundan başga-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna ýüzlenip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerine hem-de maksatlaryna ygrarlydygyny nygtady, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şeýle hem birnäçe beýleki möhüm meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

“Nesil” gazeti,

16.06.2020ý.