17-nji iýunda Balkan welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda, daýhan hojalyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
...Ir bilen milli Liderimiz dikuçarda Bereket etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän ak ekin meýdanlarynyň ýanyna geldi. Ýolugra döwlet Baştutanymyz Aşgabat — Türkmenbaşy halkara ähmiýetli awtomobil ýoluny, ýol ýakalarynyň abadançylyk derejesini synlady, degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Gallaçy-kärendeçi Tagandurdy Baýramgulyýewiň ekin meýdanynyň ýanyna gelip, hormatly Prezidentimiz ekerançynyň işleri, kärendesine alan ýeriniň möçberi, bugdaýyň hasyllylygy, şeýle hem daýhanlar üçin döredilen mümkinçilikler bilen gyzyklandy. Daýhanyň gürrüň berşi ýaly, ol 40 ýyla golaý ekerançylyk bilen meşgullanýar, 17 gektar meýdany kärendesine alyp, bugdaýyň «Bereket» görnüşini ösdürip ýetişdirýär hem-de her gektardan 40 — 45 sentner hasyl almagy meýilleşdirýär. Gallaçy-kärendeçi halal zähmetiň rysgal-berekediň gözbaşydygy barada aýdan gymmatly maslahatlarydyr öwüt-ündewleri üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizden oraga ak pata bermegini haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz birkemsiz ýetişen bugdaýdan orup, asylly işe ak pata berdi. Galla oragyna girişmäge taýýar edilen galla kombaýnlaryň ýanyna gelip, hormatly Prezidentimiz bu ýerde mehanizator Gurbanberdi Tuwakgelew bilen söhbetdeş boldy. Mehanizator milli Liderimize döredilýän şertler üçin alkyş sözlerini beýan etdi. Şeýle hem galla meýdanynyň başynda duran «John Deere» kysymly kombaýna münüp, döwlet Baştutanymyz ony herekete girizdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ekerançylygynda netijeli ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny synlady. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi babatda döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini aýdyp, milli Liderimiz tehnikalary netijeli we doly güýjünde peýdalanmak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary bilen gürrüňdeş bolup, olara anyk tabşyryklary berdi.
Bu ýerde gurnalan sergi bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň bugdaý hasylyndan taýýarlanan uny synlady we onuň hili, ýokumlylyk derejesi bilen gyzyklandy. Mundan başga-da, milli Liderimiz kärendeçi daýhana we kombaýnça kesbinden kemal tapmaklaryny arzuw edip, olara gymmat bahaly sowgatlaryny gowşurdy.
Şeý le hem döwlet Baştutanymyz bu ýerde gazanlary ataryp, toý-baýramlaryň ýaraşygy hasaplanylýan dürli tagamlary taýýarlaýan gyz-gelinleriň toparynyň ýanyna geldi. Mekdep mugallymlary we Balkan welaýat mugallymçylyk orta hünär mekdebiniň talyplary hem boş wagtlary daýhan-kärendeçileriň ýanyna gelýärler. Hormatly Prezidentimiz alyp barýan asylly işleri üçin gelin-gyzlara minnetdarlygyň nyşany hökmünde Şa serpaýlaryny gowşurdy.
Soňra milli Liderimiz il içinde haýyrly mal hasaplanylýan körpe köşekli düýäniň ýanyna bardy. Döwlet Baştutanymyz düýe malyny dünýe malyna deňän ata-babalarymyzyň gadymy döwürlerden bäri, düýe süýdüni, ondan taýýarlanýan çaly hem-de agarany ýokumly hem-de ähmiýetli iýmit hökmünde hasaplandyklaryny aýtdy.
Bu ýerde tagam taýýarlaýan zenan hormatly Prezidentimize täze hasylyň unundan taýýarlanan külçäni hödür etdi. Halkymyzyň tagam, dürli görnüşli çörek önümlerini taýýarlamakda nusgalyk ýolunyň bardygyny aýdyp, milli Liderimiz külçäniň ýokumy, onuň uzakmöhletleýin saklanmak häsiýeti barada gürrüň berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerden Bereket etrabynyň «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň ekerançylyk ýerleriniň we önümçilik desgalarynyň ýerleşýän ýerine tarap ugrady. Bu daýhan hojalygy Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň golaýynda ýerleşýär. 2013-nji ýylda döredilen daýhan hojalygynyň Bereket etrabyndaky ekin meýdanynyň umumy möçberi 393 gektar bolup, onuň 343,7 gektaryna ot-iýmlik ekinleri ekilýär, önümçilik desgalarynyň ýerleşýän ýeriniň meýdany 50 gektara golaý. Daýhan hojalygynyň önümçilik toplumynda ýyllyk kuwwaty 8 müň tonna barabar towuk etini öndürýän bölüm bolup, häzirki döwürde bu ýerde 5 müň tonna guş eti öndürilýär we 12 million jüýje çykarýan inkubatorly guşçulyk toplumy, ýylda 16 million ýumurtga öndürýän guşçulyk toplumy hereket edýär. Şeýle hem bu ýerde guşlar üçin ýylda 72 müň tonna ýokumly iýmleri öndürýän zawod, ýylda 100 tonna et öndürmäge niýetlenen maldarçylyk toplumy hem-de ýylda 500 müň sany bägül ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhana bar.
Bu ýerde «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Täçmyrat Tuwakow milli Liderimizi mähirli garşylady. Döwlet Baştutanymyz daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy bilen gürrüňdeş bolup, onuň alyp barýan işleri, maşgala ýagdaýy, hojalygyň öndürýän önümleri hem-de onuň önümçilik desgalarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklandy. Işewür netijeli işlemek, önümiň dürli görnüşlerini öndürmek, ýokary öndürijilikli tehnikalaryň güýjünden netijeli peýdalanmak ugrunda döwlet tarapyndan zerur şertleriň üpjün edilýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy. Döwletimiziň telekeçilik işini mundan beýläk-de goldajakdygyny, zerur mümkinçilikleriň yzygiderli üpjün ediljekdigini aýdyp, milli Liderimiz T.Tuwakowa işinde üstünlik arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän gök, bakja we miwe önümleriniň sergisini synlady. Hormatly Prezidentimiz halal zähmetden döwlet tapýan, ýurdumyzda önüm bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýan adamlaryň edýän işleriniň mynasyp derejede waspynyň ýetirilmelidigini aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw edip, milli Liderimiz bu ýerden ugrady.
“Nesil” gazeti,
20.06.2020ý.