19-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwletimiziň durmuşyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerindäki alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Mejlisiň Başlygy Milli Parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi, anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, bazar gatnaşyklarynyň çalt ösýän şertlerinde hojalyk işini guramagyň barha köp usullarynyň we görnüşleriniň peýda bolýandygyny belledi, kärhanalaryň üstünlikli işlemegi hem-de olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin edaralary dolandyrmagyň guramaçylyk düzümini kadalaşdyrmagyň möhümdigini nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dört welaýatyna bolan iş saparynyň netijeleriniň daýhanlarymyzyň alyp barýan işleriniň talabalaýyk derejededigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna hem-de obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýerlere ýüzlenip, gök-bakja önümlerden, miwelerden bol hasyl alynýandygyny belläp, milli ykdysadyýetiň bu ulgamynda işleriň ýagdaýyny seljermegi, gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitlemegi tabşyrdy.
Nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna «Türkmennebit» döwlet konserniniň ygtybarly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly resminamanyň taslamasyny hödürledi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen Buýrugyň taslamasyna gol çekip, degişli anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Türkmen oba hojalyk institutynyň işine nägilelik bildirip, ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmak, ýaş hünärmenleriň ýokary öndürijilikli, döwrebap tehnologiýalar esasynda işleýän daşary ýurtlaryň tehnikalaryna erk etmek başarnyklaryny gazanmak babatda zerur çäreleri görmegi talap etdi.
Milli Liderimiz Bäherden we Lebap sement zawodlarynyň 2-nji tapgyryny gurmak hakyndaky Kararlara gol çekip, degişli wise-premýere kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek babatda degişli görkezmeleri berdi. Bellemeli zat, täze sement zawodlarynyň gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň iýul aýynda başlap, 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar.
Ulag we kommunikasiýa toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýer hasabat bilen çykyş edip, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça «Boeing 777-200F» ýük howa gämisini satyn almak boýunça geçirilen işler barada habar berdi. Milli awiasiýany ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeler barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz işgärleri — uçarmanlary we ýerüsti gulluklaryň hünärmenlerini taýýarlamak meselesiniň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýük howa gämisini satyn almagy hakyndaky Karara gol çekip, milli Liderimiz degişli wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýurdumyzyň söwda toplumynyň edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak meselelerine guramaçylykly çemeleşmegiň, sanly ulgam arkaly eksport-import amallaryny kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi.
Medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işleriniň ýazky möwsüminiň netijeleri, ýüze çykarylan gymmatlyklary ylmy taýdan öwrenmek we dikeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz arheologiýa, etnografiýa, taryh meseleleri boýunça daşary ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleri bilen halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagy tabşyryp, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Mejlisde orta we ýokary bilim ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, milli Liderimiz degişli wise-premýere häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny mundan beýläk-de işjeň özleşdirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Onuň netijesinde, bilimiň täze görnüşi bolan uzak aralykdan okatmak mümkinçiligi emele geler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň, daşary işler ministriniň hasabatynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň halkara energiýa guramalaryň çäklerinde alyp barýan işini has-da güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistany 2020 — 2022-nji ýyllara Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Geňeşine saýlanmagy üçin hödürlemek hem-de ýurdumyzyň bu ugra degişli döwlet edaralarynyň işini utgaşdyrmak üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça Milli agentligi döretmek, Türkmenistanyň IRENA agentliginiň ýanyndaky hemişelik wekili hökmünde ýurdumyzyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisini bellemek teklip edilýär. Döwlet Baştutanymyz teklipleri makullap, bu ugurda ägirt uly kuwwatlyklara we mümkinçiliklere eýe bolan ýurdumyzyň gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerini herekete girizmekde, ugurdaş taslamalary işläp taýýarlamakda we amala aşyrmakda ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça dünýäniň oňyn tejribesiniň öwrenilmegine gönükdirilendigini belledi, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwletimiziň hukuk binýatlaryny berkitmek boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde kanunçylyk binýadynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň ähmiýeti barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz bu işleriň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak arkaly geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Mundan başgada, milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň mähriban halkymyzyň döredijilikli durmuşynyň esaslaryny pugtalandyrmak boýunça utgaşykly işiniň wajypdygyny nygtady.
“Nesil” gazeti,
23.06.2020ý.