Hormatly Prezidentimiziň bu sözlerinden ruhlanýan gallaçy-kärendeçilerimiz häzirki wagtda dowam edýän gyzgalaňly orak möwsüminde yhlasly zähmet çekýärler. Muňa 22-nji iýunda milli Liderimiziň Ahal welaýatyna bolan iş saparynyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Ir bilen döwlet Baştutanymyz dikuçarda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyna tarap ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz eksport ugurly önümleriň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak boýunça bina edilýän täze, döwrebap senagat toplumynyň gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Bu desganyň gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň maý aýynda badalga berildi. 2021-nji ýylda bolsa senagat toplumy işe başlar. Şeýle hem milli Liderimiz dikuçarda Kaka etrabynda gurluşygy alnyp barylýan täze senagat toplumynyň işlerini synlady. Bu toplumyň gurluşygyna 2018-nji ýylyň mart aýynda badalga berildi. Toplumy 2021-nji ýylda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz dikuçarda galla ýetişdirilen ekin meýdanlaryny, bugdaýly atyzlardaky galla oragynyň depginini synlady. Şu ýyl Ahal welaýatynda 400 müň tonna galla hasylyny almak maksat edinilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda öňde duran möhüm wezipe ýetişdirilen bereketli galla hasylynyň ýekeje dänesini hem yrýa etmän ýygnap almakdan ybaratdyr. Şeýle hem milli Liderimiz dikuçarda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşyk işlerini synlady. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryşy ýaly, bu ýerde işler degişli pudaklaýyn düzümleriň ählisi bilen sazlaşykly esasda toplumlaýyn alnyp barylýar.
Awtoulagda hormatly Prezidentimiz «Ahalgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Galla önümleri önümçilik toplumyna geldi we orak döwründe bu ýerde ýaýbaňlandyrylan işler bilen tanyşdy. Şol pursatda önümçilik toplumynyň çägine gelen üsti galla ýüklenen awtoulag terezä bardy. Bugdaý meýdanlarynda orlup, ýüklenen awtoulaglar arkaly galla önümleri kärhanasyna getirilen hasylyň işlenilişiniň yzygiderliligi bilen gyzyklanyp, milli Liderimiz bu ýerde orak möwsümine gatnaşýanlar bilen gürrüňdeş boldy. Olaryň arasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Batyr Pälwanow hem bar. Kärendeçi ekerançylyk bilen eýýäm 12 ýyl bäri meşgullanýandygyny gürrüň berdi. Döwlet Baştutanymyz kärendeçi daýhana kesbinden kemal tapmagy arzuw etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz «Ahalawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjisi Parahat Ýomudow bilen söhbetdeş boldy. Milli Liderimiz awtoulaglary dolandyrýan sürüjileriň öz tejribelerini has-da kämilleşdirmekleri üçin tehnikalary öndüriji ýurduň özündäki zawodlarda kämilleşdiriş okuwlaryna ugradylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy we şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz kärendeçi bilen bilelikde «Ahalgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň çekimçisi Sylapberdi Durdyýewiň iş otagyna bardy. Hormatly Prezidentimiz onuň bilen söhbetdeşlikde geçirilýän işler hem-de döredilen şertler bilen gyzyklandy. Ýaş hünärmene işlerinde üstünlikleri arzuw edip, milli Liderimiz döwletimiziň ýaşlary hemişe goldap, olaryň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda mundan beýläk-de hemme mümkinçilikleri döretjekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz soňra harmana bardy we terezide duran awtoulagyň üstündäki gallanyň agramy çekilenden soň, harmana düşürilen hasylyň dänelerini eline alyp, barlap gördi. Şeýle hem kärendeçi bilen toplumyň barlaghanasyna baryp, bu ýerde hormatly Prezidentimiz Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hil gözegçilik gullugynyň baş hünärmeni Döwran Allakulow bilen gürrüňdeş boldy. Hünärmeniň işine ýokary baha berip, milli Liderimiz tabşyrylan işe yhlasly çemeleşmegiň türkmen halkyna gadymdan mahsus hem-de pederlerimizden miras galan häsiýetdigini aýtdy. Barlaghanadan çykyp, taýýar önümiň gaplanýan bölümine gelen döwlet Baştutanymyz içi undan doly haltanyň birine ýadygärlik gol çekip, şol günki senäni goýdy. Mundan başga-da, bu ýerde guralan sergide şu ýyl ýetişdirilen bugdaýyň dürli görnüşlerinden kärhanada öndürilen önümleriň ähli görnüşleri görkezildi. Kärendeçä hem-de awtoulagyň sürüjisine kesbinden kemal tapmaklaryny arzuw edip, hormatly Prezidentimiz olara gymmat bahaly sowgatlaryny gowşurdy.
Bu ýerde iş maslahatyny geçirip, milli Liderimiz ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyran iş saparlarynyň netijelerini jemledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Ahal welaýatyna guralan bu iş sapary welaýatlar boýunça amala aşyrylan şunuň ýaly saparlaryň jemlenmesine öwrüldi. Şeýle hem halkymyzyň asyrlaryň dowamynda bahasyna ýetip bolmajak pähimleri döretmeginiň nesiller üçin buýsançdygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň «Gyzjagazyň eline iňňe-sapak ber, oglanjygyň eline pil ber» diýen paýhasly jümlesiniň körpe nesillerde hünäre bolan höwesi berkitmekde ähmiýetlidigini aýtdy. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, agtyjaklarynyň biriniň halkymyzyň döreden paýhasly jümlesinden ruhlanyp, öz elleri bilen alaja işip berendigini belledi we şol alajany görkezdi. Munuň özi häzirki döwürde ene-mamalarymyzyň halk amaly-haşam sungatynyň mynasyp dowam etdirilip, nesilden-nesle geçirilip gelinýändigine şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyz maslahatyň dowamynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy baradaky meseläni gozgap, Moskwada geçiriljek dabaraly harby ýörişe Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşjakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu şanly waka mynasybetli we türkmen esgerleriniň Beýik Watançylyk urşunda görkezen gahrymançylygyny wasp edýän täze «Durnalar» atly goşgusyny döredendigini aýtdy. Goşgyny ilkinji gezek okap berip, milli Liderimiz ýene-de bir agtyjagynyň hem durnalaryň keşbini şekillendirip, surat çekendigini habar berdi. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesilleriň umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlara mynasyp goşant goşmaga bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň beýanydyr. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlaryna guran iş saparlarynyň netijelerine bagyşlanan taryhy ýazga gol çekdi. Bu ýazgy ýurdumyzda bereket bolçulygyny döredýän oba zähmetkeşleriniň işine berlen baha we bitirilýän asylly işleriň güwäsi bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň Şa gadamynyň hormatyna bu ýerde gazanlar atarylyp, saçaklar giňden ýazyldy. Gelin-gyzlar hamyr ýaýyp, dürli görnüşli un we unaş önümlerinden tagamlary taýýarladylar, tamdyrda çörek bişirdiler, tüňçelerde çaý gaýnadyldy. Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlar bilen söhbetdeş bolup, olaryň alyp barýan işleri, okuw-iş ugurlary, ýaşaýyş-durmuş şertleri, höwes edýän ugurlary, isleg-arzuwlary bilen gyzyklandy. Şeýle hem datly tagamlary taýýarlamagyň, tamdyra nan ýapmagyň mukaddes iş hasaplanylýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu babatda gelin-gyzlara möhüm ornuň degişlidigini aýtdy we şu işlerde olara uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlara ýurdumyzyň we mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan döredijilikli işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
“Nesil” gazeti,
25.06.2020ý.