24-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet meseleleri boýunça orunbasary B.Abdyýewanyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary K.Çaryýardurdyýewiň, ýurdumyzyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy B.Amansaryýewiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewanyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly senesine bagyşlanan dabaraly çäreleri geçirmek, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleri giňden wagyz etmek hem-de Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň halkara derejedäki ähmiýetini dünýä ýüzünde giňden açyp görkezmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreler, geçirilen medeni-köpçülikleýin çäreler, umuman, medeniýet we sungat edaralarynyň işiniň guralyşy barada hasabat berdi. Halkara maslahatlaryň we beýleki dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň möhümdigi barada aýdyp, milli Liderimiz olaryň baý mazmunly bolmalydygynyň hemde bu wakalaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan işjeň we dessine beýan edilmeginiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet habarlar agentliginiň başlygy döwlet Baştutanymyzy Beýik Watançylyk urşundan gaýdyp gelmedik esgerleriň ýadygärligine bagyşlan ajaýyp goşgyny döredendigi bilen gutlady. Şeýle hem TDH-nyň ýolbaşçysy Döwlet habarlar agentliginiň hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek, Internet serişdelerinde milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň möçberli işler baradaky syn we seljerme berýän makalalarda täze habarlary halkara maglumatlar giňişligine ýaýratmak arkaly toplumlaýyn işleri alyp barýandygyny belledi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu işleriň giňden beýan edilmeginiň hem-de olar baradaky habarlaryň dünýäniň maglumat giňişligine çykarylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy häzirki döwürde jemgyýetimizde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny, şunlukda, Watanymyzyň ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygyny nygtady. Milli Liderimiz dünýäde parahatçylygy, halklaryň arasynda dostlugy we ylalaşygy berkitmek boýunça degişli işleriň alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, döwlet Baştutanymyz Bitaraplyk kadalaryny ulanmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin bilermenler bilen köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, teleradioýaýlymlarda söhbetdeşlikleri guramagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, Medeniýet ministrliginiň we bu ulgamyň edaralarynyň bellenen möhletde öz işini sanly ulgama tapgyrlaýyn geçirmeginiň hem-de elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrmagynyň möhümdigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň ilatyny ygtybarly maglumatlar bilen üpjün etmek üçin öz Internet ulgamynyň taslamasynyň taýýarlanylmalydygyny belledi.
Iş maslahatynyň dowamynda milli Liderimiz ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň arasynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini beýan edýän filmleri we wideorolikleri döretmek ugrunda bäsleşikleri guramalydygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bäsleşigiň ýeňijileriniň döreden filmleriniň hem-de rolikleriniň türkmen we daşary ýurt teleýaýlymlarynda, media ulgamda görkezilmegini üpjün etmelidigini belledi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde «2021-nji ýyl — Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly» atly mowzuk boýunça makalalaryň çap edilmeginiň wajypdygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy «2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» wezipelerini ýerine ýetirmek ugrunda zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.
Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamynyň işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde durýan wezipeleriň wajypdygyny we olaryň durmuş taýdan ähmiýetlidigini belläp, milli Liderimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara bu ugurda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
27.06.2020ý.