AÝ­DYŇ MAK­SAT­LAR — ANYK NE­TI­JE­LE­RIŇ KE­PI­LI

26-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Ministr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk arka­ly no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da döw­let dur­mu­şy­nyň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri­ne hem-de kä­bir res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na se­re­dil­di.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerindäki alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Mejlisiň Başlygy Milli Parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi, anyk tabşyryklary berdi.

Ilki bilen, milli Liderimiz ykdysadyýet we maliýe ulgamlarynyň durnukly işlemeginiň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Milli VISA kartyň» täze görnüşini dolanyşyga girizmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady hem-de degişli wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alnyşyny we gaýtadan işlenilişini durnukly artdyrmak meselelerine ilkinji derejede üns berip, garamagyndaky düzümleriniň işine berk gözegçilik etmek barada nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz şu galla oragy möwsüminde ýokary netijeleri gazanan kärendeçi daýhanlaryň hem-de mehanizatorlaryň tutanýerli zähmetine mynasyp baha berilmelidigini, olaryň tejribesiniň giňden ýaýradylmalydygyny aýtdy. Häzirki zaman, kuwwatly energetika toruny döretmegiň tutuş halk hojalyk toplumyny üstünlikli ösdürmegiň möhüm ýagdaýy bolup durýandygyny belläp, gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmagyň hem-de giňeltmegiň hasabyna ýurdumyzyň elektroenergetika kuwwatyny artdyrmak üçin hemme şertleri göz öňünde tutmagyň zerurdygy barada görkezme berdi. Şeýle hem «Aragatnaşyk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekip, döwlet Baştutanymyz degişli wise-premýere ilatymyza halkara ölçeglere laýyk gelýän poçta we beýleki degişli hyzmatlaryň hödürlenilmegini üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisde hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde telekeçiligiň ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli önümçilik ulgamlarynda eýeleýän ornuny has-da berkidýändigini, döwletimiziň durnukly ösüşine goşýan goşandyny yzygiderli artdyrýandygyny belledi. Her ýyl geçirilýän, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da ösdürilmegine itergi berýän hem-de täze zehinleriň ýüze çykmagyna ýardam berýän «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň ähmiýetini belläp, milli Liderimiz Medeniýet hepdeligini geçirmegiň nobatyny dabaraly ýagdaýda Lebap welaýatyna bermegi tabşyrdy, ol Lebap welaýatynda indiki ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýere döredilýän ýöriteleşdirilen bilim toplumlarynyň işi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, hut çagalara bolan gatnaşyk häzirki türkmen jemgyýetiniň durmuş we ruhy taýdan sagdynlygyny kesgitleýär.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri milli Liderimize BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habary ýetirdi. 2020-nji ýylyň 28-nji maýynda BMG-niň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegi maliýeleşdirmek babatda halkara maslahatyň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde kabul edildi. Bu resminama BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi we agza ýurtlaryň arasynda resmi taýdan ýaýradyldy. Döwlet Baştutanymyz birnäçe resminamalara, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça milli strategiýany işläp taýýarlamak boýunça Pudagara iş toparyny döretmek hem-de onuň düzümini tassyklamak hakyndaky Karara, şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Garajaýewi ýurdumyzyň Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň ýanyndaky Hemişelik wekili wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz kanun çykaryjylyk işiniň giň gerimli döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň möhüm guraly bolup durýandygyny nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ýaş esgerleri halkymyzyň iň gowy däpleriniň esasynda terbiýelemek hem-de Watan goragçylarynyň üstünlikli gulluk etmegi üçin ähli şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn işleri amala aşyrmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

30.06.2020ý.