29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Mejlis başlamazdan öňürti, hoş habara — gallaçylaryň azyklyk bugdaý taýýarlamak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada welaýat ýolbaşçylarynyň hasabatlaryna bagyşlanan dabara geçirildi. Dabarada her welaýata wekilçilik edýän oglanjyklar we gyzjagazlar milli Liderimize ýüzlenip, daýhan adamlar hakynda edýän aladasy üçin welaýatlaryň zähmetkeşleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Körpeler galla oragynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlap, döwlet Baştutanymyza bugdaý desselerini gowşurdylar. Welaýatlaryň gallaçy zähmetkeşleriniň adyndan ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri hormatly Prezidentimize daýhanlaryň zähmet ýeňişleri baradaky hasabatlaryny berdiler. Milli Liderimiz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi. Şöhratly pederlerimiziň ruhy mirasyny, türkmen halkynyň ýagşy dessurlaryny dowam edýän ýaş nesilleriň joşgunly çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Onuň başynda döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakynda hökümet agzalary bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparynda bolup, galla oragynyň gidişi, agrosenagat toplumynda özgertmeleriň alnyp barlyşy, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň işleri bilen tanşandyklaryny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz mejlisde täze ýazan goşgusyny okap berdi. Milli Liderimiziň ýürekden gaýdýan joşgunly goşgy setirleri mejlise gatnaşyjylar tarapyndan dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministrine söz berdi. Wise-premýer hökümet agzalarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimizi türkmen halky üçin möhüm sene bolan pygamber ýaşyna ýetmegi bilen gutlady. Şeýle hem milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür we ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny amala aşyrmakda uly üstünlikleri arzuw etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady we döwlet Baştutanymyza Ýaragly Güýçlerimiziň şahsy düzüminiň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli işgärleriniň adyndan iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary harby gullukçylaryň mähriban halkymyza, ata Watanymyza, mukaddes harby kasama wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdy.
Mary welaýatynyň häkimi ýurdumyzyň sebitleriniň hem-de paýtagtymyzyň ýolbaşçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimizi 63 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Nygtalyşy ýaly, döwlet derejesinde edilýän alada jogap hökmünde oba zähmetkeşleriniň geljekde-de beýik zähmet ýeňişlerini gazanjakdyklaryna hem-de mähriban Watanymyzyň ykdysady taýdan gülläp ösmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdy.
Mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz merdana daýhanlarymyzyň galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmäge uly goşant goşandyklaryny buýsanç bilen belledi. Bellenilişi ýaly, Watan ammaryna 1 million 400 müň tonnadan gowrak guşgursak ak bugdaý tabşyryldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglary üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
02.07.2020ý.