Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy.
Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherinden gelip gowşan hoş habara görä, 2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda biziň ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy. Belläp geçsek, biziň ýurdumyz eýýäm Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna altynjy gezek saýlanylýar. Mundan ozal Türkmenistan hut şu derejesinde 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji we 71-nji sessiýalara gatnaşdy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň BMG bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy täze ösüşe, ilkinji nobatda bolsa, hormatly Prezidentimiziň möhüm halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek babatda uly ähmiýete eýe boldy.
Ýurdumyza nobatdaky gezek şu wezipäniň ynanylmagy Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokary derejesine — milli Liderimiziň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasy ugrunyň ýokary abraýa eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyzyň döredijilikli başlangyçlary döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýändigine şaýatlyk edýär. Şol başlangyçlar bolsa ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge we köp şahaly ulag-üstaşyr düzümi döretmäge, suw we ekologiýa meselelerini çözmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri görýär. Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan ýüze çykýan meseleleri we gapma-garşylyklary çözmekde medeni hyzmatdaşlygyň uly ähmiýete eýedigini belleýär. Geçen ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy agza döwletleriň 73-siniň awtordaşlyk etmeginde, milli Liderimiziň Türkmenistanyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny biragyzdan goldady.
Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanylmagy ýurdumyzyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda täze möhüm sahypany alamatlandyrýar.
Şol bir wagtyň özünde, munuň özi döwlet Baştutanymyzyň milli bähbitlere hem-de ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek wezipelerine laýyk gelýän köpugurly diplomatiýasynyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
“Nesil” gazeti,
02.07.2020ý.