BITARAPLYK – HAKYKATDAN-DA GUDRATDYR

     Ýurdumyz dünýä giňişliginde ählumumy abadançylygy we parahatçylygy ugur edinýän başlangyçlary bilen çykyş edip, dünýä jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çekýär. Başlangyçlaryň gyzgyn goldawa eýe bolmagy, döwletimiziň abraýyny belende galdyrýar. Bu bolsa belent hormatdyr we ykrarnamadyr. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň örän oýlanyşykly daşary syýasat ugry oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanmak arkaly, işjeň durmuşa geçirilýär. Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmekde oňyn tejribe gazanan Türkmenistanyň  halkara hyzmatdaşlygynyň  kuwwaty bu günki günde  barha artýar. Hoşniýetli goňşuçylyk, ählumumy parahatçylyk, dostluk-doganlyk, birek-birege raýdaşlyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk we oňyn bitaraplyk ýörelgeleri türkmen diplomatiýasynyň durmuşa geçirýän daşary syýasat ugrunyň esaslaryny düzýär. Bitarap Türkmenistanyň dünýä giňişliginde abraýy barha artýar. Dünýä jemgyýetçiliginde ýurdumyz açyk gepleşikleri alyp barýan, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmäge we bar bolan meseleleri oňyn çözmäge jogapkärçilikli we ygtybarly çemeleşýän döwlet hökmünde giňden tanalýar. Şunuň bilen baglylykda, ençeme döwletler, köp sanly halkara guramalary ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýär.

     1995-nji ýylyň 12-nji dekabry. Hut şu taryhy seneden türkmen taryhynda täze tapgyr — Birleşen Milletler Guramasynyň taryhy Kararnamasynda berkidilen Bitaraplyk döwri badalga aldy. Garaşsyz Türkmenistana Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi berildi. Hut şu esasda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakyndaky» Rezolýusiýa kabul edildi. Munuň özi, dünýä giňişliginde Watanymyzyň at-abraýyny barha belende galdyrdy. Döwlet baýdagymyzdan orun alan zeýtun baldajyklarynyň şekli hemişelik Bitaraplyk derejesiniň alamatydyr. Bu şekil uzak taryhy döwürden bäri parahatçylygyň alamaty hasaplanýar.

     Bitaraplygymyzy, parahatçylygy we ösüşi goşguda, aýdymda we ajaýyp makalalarda beýan etmek žurnalistleriň paýyna düşýär. Milli metbugatymyzyň ähli neşirlerinde, teleradioýaýlymlarda Bitaraplygymyzyň waspy belentden ýetirilýär. Makala ýazmaga höwesli ýaş žurnalistler ajaýyp çykyşlary bilen şanly Bitaraplygymyzy belentden-belent wasp edýärler. Halypa diplomatlar we baýry žurnalistler bilen döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Şöhratly Watanymyzyň taryhyny, şu gününi ajaýyp ýatlamalar bilen beýan edýän ussat halypalaryň gürrüňlerini diňlemek örän ýakymly. Şular ýaly çäreler ýaşlarda Bitaraplygymyza bolan söýgüni has-da artdyryp, onuň taryhy ähmiýetini düşünmäge we mynasyp wagyz etmäge giň ýol  açýar.

     Ýurdumyz sebitde jedelli meseleleri parahatçylyk ýollar arkaly çözmekde Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli işleri alyp baryp, bu ugurda türkmen tejribesine eýe bolan ýurt hökmünde ykrar edilýär. Munuň özi, Bitarap Watanymyzyň Merkezi Aziýada parahatçylyk dörediji döwlet hökmündäki abraýyny barha belende galdyrýar. Alym Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy”  atly ajaýyp eserindäki garaýyşlaryna ser salsaň,  parahatçylygyň iňňän uly gymmatlykdygyna düşünýärsiň: “Iň uly baýlyk — parahatçylyk. Mal-mülk tapylar, agzybir, asuda ýaşaýşyň bahasy ýokdur. Ýok bolan zadyň öwezini dolup bolmaýar. Parahatçylyk aýalmasa, berbatlyk bolýar. Onuň öwezini asyrlar aşanyndan soňam, dolmak öte kyndyr” diýlip bellenilýär.

     2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça, “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama kabul edildi.

     Bitaraplyk ýyllarynda ýurdumyz özüniň daşary syýasatynda ählumumy parahatçylyk we abadançylyk maksatlaryny dünýä aýan etmekde alyp barýan tutumly işleriniň depginini ýokarlandyrdy. Başlangyçlaryň dünýä jemgyýetçiliginde giň seslenme döretmegi we belent ykrarnama eýe bolmagy ýurdumyza bildirilýän ynamyň we hormatyň aýdyň güwänamasydyr.

     Häzirki wagtda Türkmenistan parahatçylygyň we abadançylygyň ýurdy, onuň merkezi paýtagty Aşgabat bolsa, şeýle asylly ýörelgeleriň durmuşa geçirilmeginde mynasyp orun alan parahatçylyk söýüjilik merkezi hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, ak mermere beslenen paýtagtymyz bütin adamzadyň parahat we howpsuz durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilen asylly işleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan şäher hökmünde sebitde we älem giňişliginde ählumumy oňyn maksatlara ýetmegiň we ony üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda parahatçylyk merkezine öwrüldi. Şu nukdaýnazardan, Aşgabat halkara maslahatlary we  forumlary yzygiderli geçirýär. Şeýle oňyn netijeleri bu günki günde ähli ugurlarda görýäris. Ýekeje mysal, sport ählumumy dostlugy we parahatçylygy, özara agzybirligi ugur edinip, halklary we milletleriň özara gatnaşyklarynda dostlugy, birek-birege raýdaşlygy berkidýär. Aşgabat bolsa, şeýle oňyn maksatlary durmuşa geçirmekde sebitde we dünýäde uly abraýa eýe boldy. Bu bolsa gönüden-göni gözel paýtagtymyzyň yklymyň iri sport ýaryşlaryny — Ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk gazanmagynda berk esas boldy.

     Ýa-da energetika ugruny alsak, häzirki wagtda ýurdumyz energetika diplomatiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän, bu ugurda ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň ünsüni özüne çekýän açyk energetika döwletine öwrüldi. Yzygiderli häsiýetde geçirilýän forumlaryň we maslahatlaryň halkara ähmiýeti we netijeliligi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ulag ulgamynda hem şeýle oňyn halkara hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Hormatly Prezidentimiziň möhüm halkara başlangyçlary esasynda, dünýä döwletlerini we sebitleri birleşdirýän, özara bähbitli hyzmatdaşlyga giň ýol açýan ulag-üstaşyr ugurlar döredilip, bu ugurda taryhy tejribä esaslanýan özara peýdaly gatnaşyklar alnyp barylýar.

     Bu ekologiýa babatynda hem şeýledir. Häzirki döwürde bütin adamzada howp saljak ekologik ýagdaýlaryň we heläkçilikleriň howplaryny aradan aýyrmak ýa-da durnuklaşdyrmak, öňüni almak boýunça tagallalary birleşdirmek ýaly asylly maksatlary durmuşa geçirmekde uly işler amala aşyrylýar. Bu babatda Türkmenistan sebitde we dünýäde işjeňlik görkezýär.

     Ýokarda salgylanan mysallarymyz Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan we parahatçylygy ugur edinýän döwletimiziň bu ugurda alyp barylýan işlerinden käbirleridir. Şeýle mysallar sanardan kän. Ählisi bir maksady — Türkmenistanyň dünýädäki artýan abraýyny belende galdyrmagy, adamzadyň parahat we abadan durmuşyna gönükdirilen ählumumy başlangyçlary durmuşa geçirmegi, halklaryň we milletleriň arasynda dostlukly-doganlykly gatnaşyklara giň ýol açmagy ugur edinýär.

     Şunlukda, taryhy ähmiýetli işler daşary syýasatymyzda ileri tutulýan ugurlaryň ählisinde barha ösýär we belent sepgitleri gazanýar. Bitarap Türkmenistanyň dostluk-doganlyk, birek-birege raýdaşlyk, oňyn hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan daşary syýasaty ösüşiň belent sepgitlerine tarap bedew bady bilen barýar. Halkara ähmiýetli forumlaryň, sergileriň, maslahatlaryň we geňeşmeleriň merkezine öwrülen Türkmenistanda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ähli durmuşa geçirilýän çäreler häzirki döwrüň ösen ykdysady isleglerinden ugur alnyp, dünýä döwletleri üçin oňyn we netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar. Hoşniýetli Bitaraplyk ýörelgelerimiz häzirki wagtda parahatçylyga, abadançylyga we durnukly ösüşe esaslanýar. Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde BMG-niň öňde goýýan maksatlaryna we kada-kanunlaryna mydama ygrarlydyr. Dünýäni özgertmäge we parahatçylygy  berkitmäge, howpsuzlygy berkarar etmäge gönükdirilen dünýä derejesinde alnyp barylýan ähli çärelere Türkmenistan işjeň goşulyşýar.

     Hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik, beýleki milletler  we halklar bilen deňhukukly gatnaşyklary alyp barmak türkmen halkynyň uzak taryhy döwürden dowam edýän asylly ýörelgeleridir.

     Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň üstünli dowam etdirýän daşary syýasat taglymaty XXI asyrda türkmen Bitaraplygyň nusgasy hökmünde bütin dünýäde giňden ykrar edilýär. Belent ykrarnama, Birleşen Milletler Guramasynyň öňünde parlaýan türkmen tugy we belent orny, dünýä nusgalyk Bitaraplyk nusgasy – bularyň ählisi hakykatdan-da gudratdyr!

 

Gurbanmyrat GURBANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Öňki makala

AÝDYM AÝDYLÝAR

Indiki makala

MAŞGALA. YNAM. KARÝERA

Meňzeş habarlar