Şeýle at bilen ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölümi, guramanyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň hem-de «Zehinli nesil» bilim merkeziniň Köneürgenç etrap şahamçasynyň bilelikde guramagynda, maslahat geçirildi. Maslahata «Zehinli nesil» bilim merkeziniň diňleýjileri, Köneürgenç etrap Ýaşlar guramasynyň wekilleri we höwesjeň ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölüminiň işjeň agzalary Sylapberdi Atabaýew hem-de Yhlas Babakulow dagylar häzirki döwrüň ýaşlarynyň geljegi we ynam barada täsirli çykyşlar etdiler.
«Ynam — güýç. Ynam maksada okgunly hereket etmekde itergi berýän güýçdür. Ynamsyz adamda maksada ýetmekde belli bir kynçylyklar döreýär. Adam entek işiň başyna barmanka, onuň netijeleri ýa-da şowsuz tamamlanmagy hakda pikir edýär. Bu bolsa nädogrydyr». Getirilen mysallar we deliller diňleýjilerde täsir galdyryp, her bir işe ynamsyz garamagyň nädogrydygyna ýene bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik döretdi. Maşgalada ata-enäniň çaga höwes döretmelidigi, onuň arzuwlary bilen gyzyklanyp durmalydygy we geljekde çaganyň maksadyna ýetmegi üçin ugur-ýol görkezmelidigi çykyşlarda aýratyn bellenildi. Maşgalanyň çaga bildirýän belent ynamy onuň şahsyýet bolup ýetişmeginde möhüm rol oýnajakdygy aýratyn bellenildi.
Çykyşlar diňleýjilerde aýratyn täsir galdyrdy. Sorag-jogap alşylmagy we biri-birinden gyzykly soraglaryň üstünde durlup geçilmegi hem, muny aýdyň subut edýär. Diňleýji ýaşlar özleriniň durmuşynda ýüze çykyp biläýjek kynçylyklary ýeňip geçmegiň ýollary, ähli kynçylyklary ynam arkaly ýeňmegiň mümkindigine, şeýle hem üstünliklere ýetmekde maşgalada ata-enäniň rolunyň uludygyna aýdyň göz ýetirdiler. TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň wekilleri muny anyk deliller esasynda suratlandyryp, prezentasiýalaryň üsti bilen gyzykly maglumatlary diňleýjileriň dykgatyna ýetirdiler.
Merkezi Geňeşiň wekilleri geljekde hem Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň beýleki bilim ojaklarynda hem şeýle duşuşyklary guramaga taýýardyklaryny, ýaşlaryň giň köpçüliginiň arasynda gurama duşuşyklara gatnaşmaga höwes bildirýändigi barada ýüz tutandygy baradaky tekliplere garaşýandyklaryny mälim etdiler. Şeýle maslahatlary ýygy-ýygydan geçirmek barada karara gelindi.
Çykyş edenler ýaşlar üçin giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.
Gülnahal DÄDEBAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.