TÜRKMENISTANYŇ WEKILLERI ÝUNESKO-NYŇ ÝAŞLAR FORUMYNA GATNAŞDY

      Türkmenistanyň wekiliýeti Pariž şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň 42-nji Baş maslahatynyň çäklerinde guramanyň Ýaşlar forumyna gatnaşýar. Türkmen wekiliýetiniň düzümine agza bolup, bu halkara çärä Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň başlygy Ýazpolat Keriýew, şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymary we ösüş uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby bar.

      Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, ÝUNESKO-nyň Ýaşlar forumy bu halkara guramanyň durmuş we ynsanperwer ylymlary bölümi tarapyndan guralyp, ol agza döwletleriň ýaşlarynyň hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşmalara gatnaşmagyna we öz pikirlerini hem-de tekliplerini beýan etmäge şert döredýär.

      14-15-nji noýabrda 2 günläp geçiriljek forumda howanyň üýtgemeginiň durmuş ulgamyna ýetirýän täsirlerine we "ýaşyl" öwrülişigiň meselelerine garalar. Umuman, bu çärä dünýäniň 150 döwletinden 170 sany ýaş wekil we ýurtlaryň ýaşlar syýasaty boýunça degişli ministrliklerinden jemi 33-sinden ýolbaşçylar gatnaşýarlar.

      Türkmenistanyň wekiliýeti şu günler ÝUNESKO-nyň 42-nji Baş maslahatynyň işine gatnaşyp, guramanyň we döwletleriň degişli ýolbaşçy wekilleri bilen duşuşyklary geçirýär.

 

orient.tm

Meňzeş habarlar