Ýakynda Sakarçäge etrabynyň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň we etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriň 2-4-nji synp okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Iň eýjejik gyzjagaz – 2024» atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Oňa Sakarçäge etrabynyň orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçy gyzlaryň 30 sanysy gatnaşyp, özara bäsleşdiler.
Bäsleşik ösüp gelýän ýaş nesliň sungat döredijilige bolan söýgüsini artdyrmak, bilimlerini kämilleşdirmek, zehinli çagalary ýüze çykarmak we olary goldamak, olaryň ählitaraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen guraldy.
Şadyýan bäsleşik jemi 3 şertden ybarat bolup, şertlere laýyklykda, okuwçy gyzlar ilki bilen hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda we Gahryman Arkadagymyzyň aladalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän şowhunly aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmekde öz ukyplaryny görkezdiler. Bäsleşigiň 2-nji şertine laýyklykda, gyzjagazlar milli egin-eşikleri geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etdiler. Bäsleşigiň soňky, ýagny 3-nji şertinde ýaş aýratynlyklaryna görä ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekde eýjejikler öz aralarynda bäsleşdiler.
Gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçen şadyýan bäsleşikde emin agzalaryň beren netijeleri boýunça I we II orunlara mynasyp bolan eýjejikler bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşan we I, II, III orunlara mynasyp okuwçy gyzjagazlara TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Merdan BEKMYRADOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň başlygy.