Ýakynda, Halkara Zenanlar güni mynasybetli talyp gyzlaryň ugurtapyjylygyny, iş başarjaňlygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilişini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini hem-de edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň. Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan eden «Talyp gözeli- 2024» atly gözellik bäsleşigiň institut tapgyry geçirildi.
Bäsleşigiň institut tapgyry, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty tarapyndan bilelikde gurnalyp, oňa bir-birinden zehinli gözeller, medeniýetden we sungatdan oňat baş çykarýan talyp gyzlaryň 6-sy gatnaşdy.
Gözellik bäsleşigi jemi 3 şertden ybarat bolup, bäsdeşler birinji şert boýunça «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyrmak, ýurdumyzda türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungatda we döredijilikdäki ukyp-başarnyklaryny aýdymlardyr, goşgularyň, sahna çykyşlaryň üsti bilen açyp görkezdiler.
Bäsleşigiň ikinji şertinde talyp gyzlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyndan ugur alyp, türkmeniň milli tagamlarynyň biri bolan unaş kesmek boýunça bäsleşdiler.
Gözellik bäsleşigiň üçünji şertine laýyklykda, talyp gözeller özleriniň zehinini, ussatlygyny we ukybyny keşde çekmek arkaly açyp görkezdiler.
Bäsleşik örän gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Şeýlelikde, bäsleşigiň ýeňijileri ýörite düzülen eminler topary tarapyndan yglan edildi. Olaryň gelen netijeleri boýunça birinji orna Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby Merjen Çaryýewa mynasyp bolup, ol bäsleşigiň Aşgabat şäherinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ýeňiji bolan talyp gyzlara bolsa, TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bäsleşigiň dowamynda ýaşlaryň ylym-bilim almagy, okamagy we öwrenmegi, döretmegi we gurmagy babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.