Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hem-de Mary nebit gaz orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy we ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän aladalary, ýetilen belent sepgitleri halkymyzyň, ylaýta-da ýaşlaryň arasynda giňişleýin wagyz etmek maksady bilen aýdym-sazly duşuşyk geçirildi. «Magtymguly Pyragy – türkmen halkynyň beýik danasy» ady bilen geçirilen bu çärä ady agzalan okuw mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary hem-de TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň işgärleri gatnaşdylar.
Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň baş hünärmeni Göwher Kakageldiýewa, Mary Nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary Bägül Ataýewa, Tylla Gurbanowa, Enegül Saryýewa hem-de şol mekdebiň talyby Miwe Çaryýewa dagylar çykyş etdiler. Çykyşlaryň başynda Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy uly buýsanç bilen okalyp, täze taryhy döwürde Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt uly heýkeliniň gurulmagy we 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy akyldar şahyryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýandygy, şahyryň ömrüne we döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydygy barada joşgunly bellediler. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar barada edýän aladalaryna jogap edip, yhlasly okap, ylymly-bilimli, edep-ekramly, ata Watanymyza wepaly nesiller bolup ýetişmekleri barada giňişleýin gürrüň etdiler we ýaşlaryň döredijilikli zähmet çekmegi, döwrebap bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Duşuşygyň dowamynda Mary nebit gaz orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Göwher KAKAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.