Häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Milli Bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden «Iň eýjejik gyzjagaz – 2024» atly şadyýan bäsleşigiň etrap, şäher tapgyrlary çekeleşikli we işjeň ýagdaýda dowam edýär.
Ýakynda «Iň eýjejik gyzjagaz – 2024» atly şadyýan bäsleşigiň şäher tapgyry Baýramaly şäher medeniýet öýünde-de geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň, şäher bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşige onuň mekdebara tapgyrlarynyň ýeňijileri gatnaşdylar.
Ösüp gelýän ýaş nesliň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmak, bilimlerini kämilleşdirmek, zehinli çagalary ýüze çykarmak we olary goldamak, olaryň ählitaraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen guralan bäsleşik jemi 3 şertden ybarat boldy. Bir-birinden zehinli eýjejikler gezekli gezegine sahnada çykyş edip, bäsleşigiň şertlerine laýyklykda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň aladalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty joşgunly aýdymlary bilen, milli egin-eşiklerimizi şahyrana sözler bilen wasp etdiler, şeýle-de ýaş aýratynlyklaryna görä ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işlerini ýerine ýetirmekde öz başarnyklaryny görkezdiler.
Çekeleşikli ýagdaýda geçen bäsleşikde emin agzalaryň beren bahalarynyň netijeleri boýunça Baýramaly şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Jemal Saparmyradowa I orna, tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Mähriban Myradowa II orna mynasyp bolup, olar welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Baýramgeldi GAÝYPOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.