EÝJEJIKLERIŇ BÄSLEŞIGI

      Häzirki günlerde ýaş nesilleriň sungata we döredijilige bolan söýgüsini artdyrmak, bilimlerini kämilleşdirmek, zehinli çagalary ýüze çykarmak we olary goldamak, ýaş nesilleriň ählitaraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen her ýylda geçirilmegi adata öwrülen «Iň eýjejik gyzjagaz – 2024» atly şadyýan bäsleşigiň welaýatlardaky şäher, etrap tapgyrlary uly ruhubelentlige beslenýär.

      Ýakynda şadyýan bäsleşigiň Garagum etrap tapgyry hem täsirli pursatlara baý bolup, işjeň ýagdaýda geçdi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň, Garagum etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda şol etrabyň 23-nji orta mekdebinde geçirilen bäsleşige etrabyň orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçy gyzjagazlaryň 22-si gatnaşdylar.

      Eýjejikler bäsleşigiň 3 şerti boýunça özara bäsleşip, bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygymyzy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň ikinji we üçünji şertlerine görä gyzjagazlar milli egin-eşiklerimizi şahyrana sözleriň üsti bilen wasp etdiler we milli el işlerini  ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bularyň ählisi bolsa, bäsdeş gyzjagazlaryň ýokary taýýarlyk derejelerini äşgär etdi.

      Soňra bäsleşigiň ýeňijileri yglan edilip, emin agzalaryň beren bahalary boýunça birinji orna Garagum etrabynyň 23-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Arzuw Çaryýewa we ikinji orna Garagum etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Leýli Çaryýewa dagylar mynasyp boldular. Şeýlelikde, olar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

      Bäsleşige gatnaşan we baýrakly orunlara mynasyp bolan okuwçy gyzjagazlara TMÝG-niň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Sülgün AGAJANOWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

12 Iýun 2025 | 139 okalan

KITAP BILEN AÇALYŇ BIZ DÜNÝÄNI

11 Iýun 2025 | 149 okalan

SPORT — SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

10 Iýun 2025 | 296 okalan

GALLA ORAGYNA AK PATA BERILDI