2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy we bu şanly ýylymyzda Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde toýlanylmagy türkmen halkynyň beýik akyldarynyň edebi mirasyna goýýan uly hormatynyň we sarpasynyň aýdyň nyşanydyr. Hut şu nukdaýnazardan, häzirki günlerde welaýatymyzyň çäginde geçirilýän çäreler giň gerime eýe bolýar.
Ýakynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyñ doglan gününiň 300 ýyllyk toýy mynasybetli institutymyzyñ mejlisler zalynda Türkmenistanyñ Döwlet energetika institutynyñ we Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyñ Mary welaýat Geñeşiniñ bilelikde guramagynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirilip, onda TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, institutyň mugallymy Maral Agaýewa we institutyň 5-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Kuwwatgeldi Çaryýew dagylar çykyş etdiler.
Dabaraly maslahatda çykyş edenler, akylda şahyryň şygyrlarynda watançylyk, mertlik, gaýduwsyzlyk, wepalylyk, ynsan mertebesini belende götermek ýaly asylly häsiýetleriň giňden beýan edilişi, şahyryň edebi mirasynyň nesil terbiýesindäki terbiýeçilik ähmiýeti barada buýsançly gürrüň etdiler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda beýik şahyryň öňe süren pikirlerini goldaýandygyny hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar raýatlaryna, ylaýta-da türkmen ýaşlaryna watansöýüjiligi, belent ahlaklylygy, adamkärçiligi wagyz edýändigini aýratyn bellediler. Şeýle hem çykyşlaryň her birinde türkmen halkyny röwşen geljege, ýagty menzillere atarýan, türkmeniň beýik şahsyýetlerine hormat-sarpa goýýan, olaryň ykbalyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ata Watanymyzyň ösüşli we röwşen ýollarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Dabaranyň ahyrynda 2023-nji «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyñ 16-18 nji noýabrynda Mary welaýatynyñ Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly halkara forumynyñ ýokary derejede geçirilmegine ýakyndan ýardam beren Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyp ýaşlaryna TMÝG-niň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly gowşuryldy.
Güljemal HUDAÝBERDIÝEWA,
Türkmenistanyñ Döwlet energetika institutynyñ Senagat tehnologiýa
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby TMÝG-niň işjeň agzasy.