BEÝIK MAKSATLAR BILEN RÖWŞEN GELJEGE TARAP

      Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň hem-de Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda «Beýik maksatlar bilen röwşen geljege tarap» atly «tegelek stoluň»başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň wekilleriniň, ady agzalan mugallymçylyk mekdebiniň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 22-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkezinde geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýlan möhüm wezipeleri ýaşlar köpçüligine giňişleýin ýetirmek we üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen guraldy.

      Turuwbaşdan işjeň häsiýete eýe bolan we ruhubelentlige beslenip geçirilen söhbetdeşlikde TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy, Mary şäher Halk Maslahatynyň agzasy Welmyrat Hommadow we şol okuw mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Baýram Garahanow çykyş etdi.

      Çykyşlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň ýokary derejelere çykarmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygy, ýokary netijeli durmuş ugruna gönükdirilen ykdysady syýasatyň türkmen döwletiniň ösüşlerini, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini täze derejä çykarmaga mümkinçilikler berýändigi, munuň bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr!», Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen pähim-parasada ýugrulan ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydygy dogrusynda täsirli söhbet edildi. Taryhy ähmiýetli mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanda 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gymmatly maslahatlarynyň bermegi, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaşlarymyzy goramak we olary goldamak babatda, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň meseleleri bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmegiň derwaýysdygy baradaky buýsançly gürrüňler çykyşlarynyň özenini düzdi.

      Şeýle hem çykyşlaryň her birinde eziz Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar