EL HÜNÄRI-IL GEZER

      Ýakynda «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» 15-nji bendine laýyklykda, ýaşlarda milli däp-dessurlara, ene-mamalardan gelýän el işlerine söýgi döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň guramagynda «El hünäri – il gezer» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa TMÝG-niň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň wekilleri hem-de eli hünärli mekdep okuwçylaryň onlarçasy gatnaşdy.

      Döredijilik duşuşygynda täsirli çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler ýurdumyzda zenanlara goýulýan çäksiz sarpa, gyz edebi, ahlak arassalygy, salyhatlylyk, gadyndan gelýän däp-dessurlarymyz dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Duşuşygyň dowamynda ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerimiziň nesilden nesle geçip, özboluşlylygy, inçeden nepisligi bilen halkymyzyň taryhyny we milli aýratynlyklaryny şöhratlandyrýandygy, türkmen gelin-gyzlarynyň döredýän el işleri bolsa, ýerine ýetirilişi taýdan kämilligi, nagyşlarynyň çeperligi bilen tapawutlanýandygy dogrusynda çykyş etdiler. Şeýle hem çykyş edenleriň ählisi zenan mertebesini belende göterýän, ene mukaddesligine hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini buýsançly beýan etdiler.

      Duşuşygyň ahyrynda mekdep okuwçylaryň ýerine ýetiren el işleri, aýdym-sazlary we çykyşlary çärä gatnaşanlarda täsir galdyrdy.

 

Hajar GARRYÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar