EÝJEJIKLERIŇ ŞADYÝAN BÄSLEŞIGI

      Ýaňy-ýakynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň 38-nji orta mekdebinde geçirilen «Iň eýjejik gyzjagaz – 2024» atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyry şatlyk-şowhuna, uly ruhubelentlige beslendi. Oňa bäsleşigiň mekdebara tapgyrynda ýeňiji bolan mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda bilim alýan okuwçy gyzjagazlaryň ählisi uly höwes bilen gatnaşdylar.

      Milli Bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyryny TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşi hem-de etrap bilim bölümi bilelikde guradylar.

      Bäsleşikde düzgünnamanyň şertlerine laýyklykda, okuwçy gyzjagazlar aýdym aýtmakda, milli egin-eşiklerimizi geýip ony şahyrana sözler bilen wasp etmekde hem-de milli el işlerini ýerine ýetirmekde öz ukyp-başarnyklaryny ussatlyk bilen görkezdiler.

      Gyzykly hem-de çekeleşikli ýagdaýda geçen bäsleşikde emin agzalaryň beren bahalarynyň netijeleri boýunça, 1-nji orna etrabyň 1-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Altynaý Sapargeldiýewa, 2-nji orna etrabyň 24-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Bägül Muhammetnuryýewa  mynasyp boldular we bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

 

Mukam SALAROW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar