BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRI WE MAGTYMGULY PYRAGY

      Golaýda şeýle şygar bilen Gündogaryň beýik akyldary, edebiýatymyzyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Uly ruhubelentlikde geçen duşuşyga ady agzalan edara-guramalaryň wekilleri, mugallymlar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdy. Görnükli şahyryň goşgularynda öňe sürülýän milli ahlak ýörelgeleri, asylly gylyk-häsiýetleri ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen guralan duşuşykda täsirli we baý many-mazmunly çykyşlara giň orun berildi.

      Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň medeniýetini we sungatyny dünýä ýaýmak ugrundaky taýsyz tagallalary netijesinde Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giňden öwrenilip, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde dabaraly bellenilip geçiljekdigi, şu şanly ýylymyzyň hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagynyň özboluşly mana eýedigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Magtymguly Pyragynyň ýazan goşgularynyň nesil terbiýesine ýetirýän täsiri we terbiýeçilik ähmiýeti, şahyryň halk arasynda nakyla öwrülen setirleri baradaky söhbetler bolsa, çykyşlaryň özenini düzdi.

      Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşanlar nusgawy edebiýatymyzy we akyldar şahyrymyzyň döredijiligini öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini atdylar.

 

Yklymmyrat TUWAKMYRADOW,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar