Golaýda Milli Bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 - 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda yglan eden «Iň eýjejik gyzjagaz – 2024» atly şadyýan bäsleşigiň Murgap etrap tapgyry geçirildi. Bäsleşik Murgap etrap medeniýet öýünde geçirilip, oňa mekdebara tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçy gyzjagazlaryň 19-sy uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.
Bir-birinden zehinli gyzjagazlar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, öz aralarynda bäsleşip, ukyp we zehin başarnyklaryny ussatlyk bilen görkezdiler. Ýerine ýetirilen çykyşlar okuwçy gyzjagazlaryň ýokary taýýarlyk derejelerini äşgär etdi.
Şadyýan bäsleşikde Murgap etrabynyň 12-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Güljemal Täjowa we etrabyň 18-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Ogulsabyr Bekdurdyýewa üstünlikli çykyş edip, degişlilikde 1-nji we 2-nji orunlara mynasyp bolmagy başardylar hem-de Mary welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp bolan we işjeň gatnaşan eýjejik gyzjagazlara TMÝG-niň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şeker KAKAJANOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Murgap etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.