ŞANLY ÝYLYŇ BATLY GADAMLARY

      «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylyň ajaýyp şygary hem-de bu şanly ýylymyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde dabaralanmagy şahyra hem-de onuň edebi- mirasyna goýulýan sylag-sarpanyň nyşany bolup, milli-mirasymyzy, ruhy gymmatlyklarymyzy has çuňňur öwrenmäge we dünýä ýaýmaga ruhlandyrýar. Hut şu nukdaýnazardan häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça meýilnamalaýyn esasda dabaraly çäreler, wagyz-nesihat we maslahat duşuşyklary yzygiderli alnyp barylýar.

      Golaýda Ýolöten etrabynyň Talhatanbaba medeniýet öýünde «Şanly ýylyň batly gadamlary» ady bilen geçirilen dabaraly duşuşyk hem bu taryhy waka bagyşlandy. Ýolöten etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga il sylagly ýaşulular,  kümüş saçly eneler, bilim we medeniýet ulgamynda zähmet çekýän öňdebaryjy işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdy.

      Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly mana eýedigi, bu şanly ýylymyzyň nusgawy şahyrymyzyň ady bilen baglanşdyrylmagy görnükli şahyrymyza goýulýan hormatyň we beýik sarpanyň nyşanydygy barada buýsançly gürrüň etdiler. Şu ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilmegi bolsa, ýaşlaryň kalbynda ata Watanymyzyň şöhratly geçmişine we şugününe buýsanç duýgularyny artdyrýandygy barada aýratyn belläp, şahyryň döredijiligini we edebi mirasyny öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

      Dabaraly duşuşygyň dowamynda medeniýet we sungat işgärleriň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

 

 

Jennet ORAZOWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar