TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda halkymyzyň, şol bir wagtda ýaş nesillerimiziň ekologiýa medeniýetine we tebigata aýawly garaýyşlaryny kämilleşdirmek üçin uly işler alnyp barylýar. Şu möhüm wezipeleri ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan hem çäreler yzygiderlilikde geçirilýär.

       Şeýle çäreleriň biri golaýda Tagtabazar etrabynyň 25-nji orta  mekdebinde geçirildi. TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň guramagynda «Tebigat biziň öýümiz» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna şol mekdepde bilim alýan ýokary synp okuwçylar gatnaşdylar.

       Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň hatarynda, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň uly ähmiýete eýedigi, şeýlelikde ekologiýany goramaga, tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmaga uly üns berilýändigi dogrusynda gürrüň etdiler.

       Şeýle hem çykyşlaryň her birinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we gözel paýtagtymyz Aşgabadyň golaýyndaky dag eteklerinde bag nahallaryň yzygiderli oturdylýandygy,bu işleriň bolsa, halkymyz bilen bir hatarda ýaşlarymyzy ekologiýa taýdan terbiýelemäge, olarda zähmet endiklerini kemala getirmäge ýardam berýändigi barada giňişleýin belläp, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde ýaşlarymyza görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Tawus AŞYROWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap  Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar