Ýurdumyzda her ýylda Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz» atly şadyýan bäsleşik kalby ylhama eýlenen zehinlije gyzjagazlary ýüze çykarmaga we olary goldamaga giň mümkinçilik döredýär. Düýn Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky şäherçe medeniýet öýünde geçirilen «Iň eýjejik gyzjagaz – 2024» atly şadyýan bäsleşigiň welaýat tapgyry hem şeýle ähmiýete eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiziň «Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys» diýen sargytlaryndan, berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesliň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmak, bilimlerini kämilleşdirmek, zehinli çagalary ýüze çykarmak we olary goldamak, olaryň ählitaraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen geçirilen «Iň eýjejik gyzjagaz-2024 » atly şadyýan bäsleşigi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi hem-de welaýat Baş bilim müdirligi bilelikde guradylar. Oňa bäsleşigiň etrap, şäher tapgyrlarynda I we II orunlara mynasyp bolan gyzjagazlaryň 22-si uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.
Baýramçylyk öwüşginde bezelen sahnada bir-birinden zehinli gyzjagazlar gezekli-gezegine çykyş etdiler. Eýjejikler bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygymyzy, dost-doganlygy şirin owazly aýdym-sazly çykyşlarda wasp etmekde, milli egin-eşiklerimizi şahyrana sözleriň üsti bilen mahabatlandyrmakda we milli el işlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde özleriniň ukyp we zehin başarnyklaryny ussatlyk bilen görkezdiler.
Gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçen bäsleşikde Murgap etrabynyň 12-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Güljemal Täjowa we Ýolöten etrabyň 12-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Aýjemal Ataýewa üstünlikli çykyş edip, degişlilikde 1-nji we 2-nji orunlara mynasyp bolup, olar paýtagtymyzda geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşikde ýeňiji bolan eýjejiklere we işjeň gatnaşan şadyýan gyzjagazlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.