Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ene-mamalarymyza, gelin-gyzlarymyza çäksiz hormat goýulýar. Bahar paslynyň buşlukçysy we gözelligiň baýramy bolan Halkara zenanlar güni bolsa, eziz Diýarymyzda giňden baýram edilip bellenilmegi ýurdumyzda zenanlarymyza goýulýan sarpanyň belentdigini aňladýar. Häzirki günlerde ýurdumyzyň hem-de welaýatymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Mary şäherinde hem aýdym-sazly dabaralar, baýramçylyk duşuşyklar şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýär.
Şeýle çäreleriň biri ýakynda Mary şäherindäki «Aý Laçyn» toý mekanynda hem geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň, Mary şäher Halk Maslahatynyň hem-de Mary şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy «Güller açýan döwrümiziň bezegi, bagtyýar zenanlar, bagtly zenanlar» ady bilen geçirilip, oňa edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaş zenanlar we talyplar uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.
Zenanlaryň hormatyna guralan baýramçylyk dabarasynda medeniýet-sungat, döredijilik işgärleri ýurdumyzda zenanlarymyza goýulýan sarpanyň uludygyny özleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, goşgularydyr, folklor çykyşlarynda hem-de tanslarynda wasp etdiler.
Baýramçylyk dabarasynyň soňunda çärä gatnaşyjylar asuda ýurdumyzda zenanlarymyza goýýan çäksiz hormat-sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Göwher KAKAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.