Golaýda Sakarçäge etrabynyň «Alkyş» toý mekanynda Halkara Zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Çäre Sakarçäge etrap häkimligi, TMÝG-niň Sakarçäge etrap Geňeşi hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gurnalyp, oňa etrabyň kümüş saçly eneleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalaryň işjeň zenanlary we ýaş gelin-gyzlar gatnaşdylar.
Baýramçylyk dabarada etrabyň medeniýet öýüniň bagşy-sazandalary, tansçylary çykyş edip, tomaşaçylara şatlyk-şowhun paýladylar. Ýaňlanan aýdym-sazlarda bagtyýar Watanymyza, ajaýyp döwrümize bolan buýsanç duýgulary özüniň mynasyp beýanyny tapdy. Şeýle hem ýurdumyzda gelin-gyzlarymyza, kümüş saçly ene-mamalarymyza goýulýan belent sarpa barada ýürek töründen çykýan joşgunly çykyşlary bilen bagtyýar zenanlar çykyş etdiler.
Dabaranyň dowamynda çärä gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenan mertebesini belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Jeýhun BAÝRAMDURDYÝEW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.