Bahar paslynyň buşlukçysy we gözelligiň baýramy bolan Halkara zenanlar güni mynasybetli Wekilbazar etrabynda hem aýdym-sazly dabaralardyr, duşuşyklar şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýär. Geçirilýän baýramçylyk çärelere bagtyýar zenanlarymyz, mährem enelerimiz, gelin-gyzlarymyz uly ruhubelentlikde gatnaşýarlar.
Ýakynda Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky şäherçe medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň, Wekilbazar etrap häkimliginiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen aýdym-sazly dabara bu şanly baýramçylyga bagyşlandy. «Zeminiň görki zenanlar» ady bilen geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyna öňdebaryjy mährem eneler, işewür zenanlar, edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy gelin-gyzlar hem-de Ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Dabarada etrabyň tanymal aýdymçylary gujagy bahar-ýazly, aýdym-sazly, döwletli-döwranly Diýarymyzda öý-ojagyň eýeleri bolan zenanlarymyza goýulýan hormat-sarpanyň uludygyny özleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlarynda, joşgunly tanslarynda wasp etdiler.
Dabaranyň dowamynda eziz Watanymyzda bagtyýar ýaşamaga, döredijilikli zähmet çekmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Güljan ŞABASANOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.