Golaýda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede toýlamak we ýaşlarda Magtymguly Pyragynyň goşgularyny çeper okamaga höwes döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 35-nji orta mekdebinde «Onuň aly jenaby Magtymguly Pyragy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň işgärleri hem-de ady agzalan orta mekdebinde döredijilik bilen meşgullanýan okuwçy ýaşlar gatnaşdylar .
Duşuşygyň başynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni, ýaş şahyr Suraý Babanyýazowa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligine goýýan belent sarpasy, akyldar şahyryň giň ummana deňelýän şygryýetiniň döwlet we halkara derejesindäki orny barada giňişleýin çykyş edip, özüniň «Pyragyň gaşynda goşgy okamak», «Watan», «Meniň Watan diýip düşünýän ýerim» ýaly goşgularyny okady.
Soňra Sakarçäge etrabynyň Keseýap geňeşliginiň ýaşaýjysy, ýaş şahyr Çynar Azadowa çykyş edip, ol Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlarynyň ýaş nesli terbiýelemek babatdaky ähmiýeti, akyldar şahyryň tutuş halkymyzy agzybirlige we bagtly ýaşaýşa çagyrýan öwüt-ündewleri, dünýä durmuş baradaky çuňňur pelsepesi dogrusynda giňişleýin beýan edip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy», «Ýaşlar – Watanyň daýanjy», «Watanym janymdyr meniň», «Baýdagym» atly goşgularyny okap berdi. Etrabyň 35-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Gunça Merdanowanyň «Aşgabat» atly ýazan goşgusyny okap bermegi bolsa, öz deň-duşlary tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda beýleki okuwçylar hem Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan çeper okaýyşlary ýerine ýetirip, çärä gatnaşyjylaryň her biri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilik bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gülüstan NURYÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.