Ýaňy-ýakynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Döwletli zaman geňeşliginde köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy Halkara zenanlar gününde bagtyýar maşgalalar üçin toý sowgady boldy. Dabaraly çärä il sylagly ýaşulular, mährem eneler, Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de welaýatymyzyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda çykyş edenler täze öýleriň eýelerini bu şatlykly waka bilen gutlap, il-günümiziň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýtdylar. Soňra dabaraly ýagdaýda köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy. Welaýatyň medeniýet-sungat işgärleriniň ýerine ýetiren aýdymlary, tans toparlarynyň şowhunly tans çykyşlary dabara gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.
Dabaranyň dowamynda täze jaýyň eýesi bolan Ýolöten etrabynyň ýaşaýjysy Züleýha Azimowa öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:
- Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ajaýyp eýýamymyzyň owadan binalarynyň, desgalarynyň we döwrebap şäherçeleriniň gurluşygy giňden ýaýbaňlandyrylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy, öýleriň köp otagly bolup, olaryň ýokary hilli öý goşlary we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi şatlygymyzy has hem artdyrdy. Çagalarymyz üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän täze jaýdan maşgalamyza sowgat berilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Jennet ORAZOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň
Guramaçlyk bölüminiň müdiri.