Golaýda şeýle şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň 1-nji sport mekdebi bilen bilelikde guramagynda sportuň sambo görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.
«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan» ugur alyp, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz-nesihat etmek we olary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen guralan bäsleşige ady agzalan sport mekdepde tälim alýan okuwçy ýaşlar gatnaşdylar.
Ýaryş başlamazdan öň, TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň 2-nji sport mekdebiniň wekilleri çykyş edip, bäsleşige gatnaşýan ýaşlara üstünlik arzuw etdiler. Ýaryş gyzykly hem-de çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Geçirilen bäsleşikde gujurly samboçylar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan döredilip berilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, özleriniň sport älemindäki ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Ýürekleri buýsançdan doly ýaş samboçylaryň bu üstünligi, olaryň nä derejede kämilleşýändiklerini görkezdi.
Gyzgalaňly ýagdaýda geçen bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan we işjeň gatnaşan ýaş samboçylara TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Azat MUHIÝEW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.