WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

      Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Sakarçäge etrabynyň 3-nji orta mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa ady agzalan jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de ýokary synp okuwçylar gatnaşdylar.

      2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň türkmen ýaşlaryna öwüt-ündewlerini we gymmatly maslahatlaryny wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlara giň orun berildi.

      Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlarymyza berýän öwüt-ündewleriniň we gymmatly maslahatlarynyň her bir türkmen ýaşlary üçin terbiýe mekdebi bolup durýandygy, şeýle-de ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetde eýeleýän orny barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çykyşlaryň dowamynda üstümizdäki ýylyň şygarynyň görnükli şahyrymyz Magtymguly Pyraga goýulýan belent sarpanyň we hormatyň subutnamasy bolup durýandygy, güneşli Diýarymyzda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna görülýän taýýarlyklar dogrusynda aýratyn durup geçdiler.

      Şeýle hem çykyşlaryň her birinde ýaş nesiller üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Owadan ATDAÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar