Taryhy wakalary bilen dabaralanýan 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň ýeňişli ýoly barha rowaçlanýar. Häzirki günlerde bolsa, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän medeni-köpçülik çäreleri, döredijilik we söhbetdeşlik duşuşyklary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle çäreler Mary welaýatynda hem giň gerime eýe bolýar.
Düýn Mary welaýat kitaphanasynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, Mary welaýat kitaphanasynyň we «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga bagtdan paýly, sylagdan serpaýly, kalplary Watan söýgüsinden doly ýaşlar gatnaşdylar.
Duşuşygyň başynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Berkarar türkmen döwletiniň bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda behişdi mekana öwrülendigi dogrusynda buýsançly söhbet açyldy. Soňra üstümizdäki ýylyň taryhy wakasyna öwrüljek akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýuna taýýarlyk işleriň giňden ýaýbaňlandyrylýandygy, bu şanly senäniň halkara derejesinde bellenilmeginiň bolsa, nusgawy şahyrymyzyň döredijiligine goýulýan sylag-sarpanyň nyşanydygyny bellediler. Çykyşlaryň dowamynda dana şahyrymyzyň döredijiligine aýratyn üns çekildi. Onuň umman deýin giň döredijilik dünýäsiniň ähli adamzadyň ruhuny baýlaşdyrýandygy, ýaş nesillere bolsa, edep-terbiýe bermekde uly ähmiýetli gollanma bolup durýandygy hakynda täsirli gürrüňler öz beýanyny tapdy.
«Tegelek stoluň» başynda çykyş edenleriň her biri nusgawy edebiýatymyzy we akyldar şahyrymyzyň döredijiligini öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Batyr GURDOW,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.