Halkymyzda «Ýagşydan at galar» diýlişi ýaly, bag ekmek hem sogap iş hasap edilýär. Ähli döwürlerde bolşy ýaly, ata-babalarymyz ir döwürlerden bäri tebigatdan paýhasly peýdalanmagy, ony gorap saklamagy ündäpdirler. Bu günki günde bolsa, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bag ekmek ýaly sogaply işlerde öz şahsy göreldesini görkezýärler. Şunuň netijesinde hem, ýurdumyzda her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda bag ekmek boýunça ählihalk dabarasy uly ruhubelentlikde geçirilip, bu asylly däp umumyhalk ähmiýetli işe dahylly bolmagy ýüreginde göterýän adamlary bir ýere jemleýär, halkymyzy, ylaýta-da, ýaşlarymyzy ekologiýa taýdan terbiýelemäge we olarda zähmet endiklerini kemala getirmäge ýardam berýär.
Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek maksady bilen hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda 2024-nji ýylda bag ekmek hakynda» Karara gol çekdi. Karara laýyklykda, Türkmenistanda 2024-nji ýylyň 16-njy martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek bellenildi. Bu bolsa, asylly däbe öwrülen ekologiýa tutumlarynyň nobatdaky beýany boldy.
Hut şu nukdaýnazardan, şu gün Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň çägindäki Mary-Baýramaly gara ýolunyň 8-nji kilometrliginde bag oturtmagyň ählihalk bag ekmek dabarasy hakyky zähmet baýramçylygynyň ruhunda geçirildi. Bu asylly işe mynasyp goşant goşmak maksady bilen biz hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher,etrap Geňeşleriniň agzybir işgärleri bolup, ählihalk bag ekmek dabarasyna uly ruhubelentlikde we işjeň ýagdaýda gatnaşdyk. Bu ýerde saýalyk, pürli we miweli baglaryň ençemesi uly joşgun bilen ekildi. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň, bagşy sazandalarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynyň owazy bolsa, belentden ýaňlanyp, adamlara ruhy şatlyk paýlady.
Bag ekmek ýaly sogaply işe gatnaşmak her birimiz üçin, esasan hem, biz ýaşlar üçin iňňän uly bagtdyr. Çünki baglar ömrümize hem-de döwrümize saýadyr.
Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berkarar eden asuda Diýarymyzda görkana baglarymyzyň hatary barha artyp,ömürlere saýa salsyn!
Goý, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde biz ýaşlara görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.