Häzirki wagtda ýaşlary kitaphanalara çekmek, olaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen kitaphana ulgamy bilen bir hatarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşleri tarapyndan geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri hem giň gerime eýe bolýar.
Şeýle çäreleriň biri ýakynda TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň, Mary welaýat kitaphanasynyň we «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda geçirildi. Mary welaýat kitaphanasynda geçirilen duşuşyk «Kitap – ýaşaýşyň gözbaşy» diýlip atlandyrylyp, oňa guramanyň Mary welaýat, etrap, şäher Geňeşleriniň wekilleri, kitaphana işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» 18-nji bendini durmuşa geçirmek, ýaşlarda kitaba bolan söýgini güýçlendirmek hem-de olaryň arasynda kitap okamagy, kitaphana medeniýetini wagyz etmek maksady bilen guralan bu duşuşykda täsirli çykyşlara hem giň orun berildi.
Çykyş edenler ýurdumyzda kitaphanalaryň açylyp ulanylmaga berilmegi türkmen ýaşlaryny has yhlasly okamaga, döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýandygy dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler. Kitabyň paýhas gönezligidigi we gymmatly genji-hazynadygy baradaky buýsançly söhbetler bolsa çykyşlaryň esasy özenini düzdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Kakajan TÄÇGULYÝEW ,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň kätibi.