TOÝ ŞOWHUNY BELENDE GALDY

       Ýakynda, Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat we Ýolöten etrap Geňeşleriniň, etrap bilim bölüminiň hem-de «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda söhbetdeşlik geçirildi. Halkymyzyň dünýäni haýrana goýýan milli gymmatlyklaryny we medeni mirasyny nesillere wagyz etmek maksady bilen guralan baýramçylyk duşuşygy Ýolöten etrabynyň ýaşaýjysy Garlyýewleriň döwletli maşgalasynda uly ruhubelentlikde geçirildi.

       Duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda medeni mirasymyza we milli gymmatlyklarymyza sarpa goýýan halkymyzyň özboluşly däp-dessurlarynyň, hem-de toý-dabaralarynyň täze many-mazmuna eýe bolup, beýleki halklardan özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýandygy dogrusynda söhbet açyldy. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Nowruz desterhanynyň naýbaşy tagamy bolan semeni barada buýsançly gürrüňler edildi.

       «Semeni tagamyny taýýarlamak üçin ilkinji nobatda, arassa matanyň üstünde ýetişdirilen bugdaý maýsasyny sokuda döwüp, onuň suwy sykylyp alynýar we gazana guýulýar. Semeni uzakly gün gaýnadylansoň agşama taýýar bolan semenili gazanymyzyň agzyny ýapyp goýmaly. Etesi irden datly tagamyň ýüzünde özboluşly çyzyklar emele gelýär. Bu çyzyklara bolsa, halk arasynda Äşe-Patmanyň barmagynyň yzy diýilýär» diýip, kümüş saçly enelerimiz semeni tagamynyň taýýarlanyşy baradaky beren gyzykly maglumatlary baýramçylyk duşuşygyň täsirini has-da artdyrdy.

       Baýramçylyk äheňinde geçen duşuşyga gatnaşyjylar milli mirasymyza goýýan çäksiz sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň 

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar