BAGTLY DÖWRÜMIZIŇ BATLY GADAMLARY

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen Döwletdir!» diýen parasatly şygary il bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işler bilen dabaralanýar. Şeýle tagallalar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda hem ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine, ýaşlarymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär. Häzirki günlerde bolsa, ýurdumyzda gazanylýan belent üstünlikler, ýetilýän beýik sepgitler dogrusynda welaýatyň iri jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi tarapyndan geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri giň gerime eýe bolýar.

       Şeýle çäreleriň biri ýakynda TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň hem-de «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda hem geçirildi. «Bagtly döwrümiziň batly gadamlary» ady bilen geçirilen  «tegelek» stoluň başyndaky söhbetdeşlik duşuşyga TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary hem-de kalplary buýsançdan doly ýaşlar gatnaşdy.

       Duşuşygyň başynda döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň uly zähmet üstünlikleri, taryhy wakalary bilen dabaralanýandygy, ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmäge gönükdirilen Maksatnamalary amala aşyrmakda gazanylýan uly üstünlikleriň badynyň artýandygy dogrusynda buýsançly çykyşlar diňlenildi. Soňra üstümizdäki ýylyň taryhy wakasyna öwrüljek nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna taýýarlyk işleriniň giňden ýaýbaňlandyrylýandygy, bu senäniň guwançly ýaňynyň dünýä dolup, onuň owazynyň dana şahyrymyzyň nusgalyk döredijiligine çäksiz sylag-sarpasy bolup ýaňlanjakdygyny aýratyn bellediler.

       Şeýle hem çykyşlarda ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, milli mirasymyza çäksiz sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar