Golaýda şeýle şygar bilen ýaşlary kitaphanalara çekmek, kitaphanalaryň hyzmatyndan peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň işgärleri hem-de kitaphanaçylar gatnaşdylar.
Duşuşykda kitabyň ynsana öwüt-nesihat berip, dogry ýol görkezýän dostdugy, onuň kömegi bilen biziň dürli döwürlere, göwünlere syýahat edip bilýändigimiz dogrusynda täsirli söhbetler edildi. Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmunly kitaplarynyň ýaşlar üçin görelde mekdebi bolup durýandygy baradaky joşgunly çykyşlara aýratyn orun berildi.
Täsirli geçen çärä gatnaşanlar okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
Sähra UMMALYÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.