Döwletli döwranymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda eziz Diýarymyzyň ösüş-özgerişli menzilleri barha ilerleýär. Bu ýylda adyndan hem belli bolşy ýaly, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmakda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu şanly sene mynasybetli beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi tarapyndan hem dabaraly maslahatlar, döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa biz – ýaşlary tutanýerli zähmet çekmäge, döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
Hut şu jähetden, golaýda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň «Lälezar» oba medeniýet öýünde «Şygyrlaryň dilde dessan, Pyragy!» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Sakarçäge etrabynyň 41-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu duşuşyk Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewlere ýugrulan şygyrlaryny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek hem-de ýaşlarda akyldar şahyryň goşgularyny çeper okamaga höwes döretmek maksady bilen geçirildi.
Döredijilik duşuşygy Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň öz ýaşan döwrüniň sesine ses goşup, onuň şygyrlarynyň häzirki günlerimizde türkmen halkynyň, ylaýta-da bagtyýar ýaşlarymyzyň diliniň senasy bolup ýaňlanýandygy baradaky buýsançly çykyşlar bilen açyldy. Soňra söz mülküniň zergäri Magtymguly Pyragynyň ýazan goşgularynyň nesil terbiýesine ýetirýän täsiri dogrusyndaky çykyşlar diňlenildi. Joşgunly gurşawy döreden çykyşlaryň dowamynda okuwçy ýaşlar Gündogaryň nusgawy şahyryna bagyşlanan hem-de şahyryň döreden ajaýyp goşgularyny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bu bolsa, çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Duşuşyga ahyrynda oňa gatnaşanlar Garaşsyz Watanymyzda döredijilik bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.
Merdan BEKMYRADOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Sakarçäge etrap Geňeşiniň başlygy.