Ýaňy-ýakynda Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary şäher komitetiniň, şäher halk maslahatynyň, şäher prokuraturasynyň, şäher polisiýa bölüminiň, welaýat baş bilim müdirliginiň, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramagynda «Ýaşlara ynam – röwşen geljege ynam» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli dabaralanmagy hem-de ýaşlar hakynda edilýän bimöçber aladalary wagyz etmek maksady bilen guralan duşuşykda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň baş hünärmeni Göwher Kakageldiýewa, TAP-nyň şäher komitetiniň hünärmeni Sona Emirowa, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Sülgün Ahmedowa we beýlekiler çykyş etdiler.
Çykyş edenler üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip atlandyrylmagy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, öňde goýlan wezipeler hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Duşuşygyň dowamynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlary, däp-dessur we edep-terbiýe kadalary, sagdyn-durmuş ýörelgeleri, maşgala gymmatlygy dogrusyndaky çykyşlar bolsa, oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Şeýle hem çykyşlaryň her birinde özleri üçin edilýän bimöçber aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.
Akjeren ANNADURDYÝEWA,
TMÝG-niň Mary şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.