BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR NESILLERI

        Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, olaryň beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Şeýle maksatlardan ugur alnyp, çagalaryň iň arzyly islegleriniň we arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdunda ýaş nesliň wekilleriniň döredijilik ukyplaryny ösdürmek maksady bilen bäsleşikler, ýaryşlar yzygiderli geçirilýär.

        Şeýle bäsleşikleriň biri, golaýda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 1-nji bakja-bagynyň uly topar çagalarynyň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi bilen 1-nji bakja-bagynyň bilelikde guramagynda «Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleri» ady bilen geçirildi. Surat çekmek boýunça geçirilen bäsleşikde körpe nesliň wekilleriniň çeken suratlaryna TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hünärmenleridir, ady agzalan bakja-bagynyň terbiýeçileri syn edip, baha berdiler. Çagalar öz döreden surat eserleriniň onlarçasyny bäsleşige hödürlediler. Berkarar ýurdumyzyň ösüşi, bagtyýar çagalyk, tebigatyň gözellikleri, bagy-bossan sähralarymyzyň gözel keşbi ýaş suratkeş körpeleriň suratlarynda öz beýanyny tapdy. Ýaş körpeleriň döreden surat eserleri olaryň heniz çagalygyna garamazdan, bu sungata çynlakaý çemeleşýändigini aýdyň görkezdi.

        Bäsleşigiň ahyrynda bakja-bagynyň suratkeş körpeleriniň işlerine emin agzalary tarapyndan mynasyp baha berlip, ýeňiji bolanlara TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi bolsa, çagalaryň surat çekmeklige, döredijilige bolan höwesini artdyryp, olaryň bu ugurda üstünlikleri gazanmagyna ýardam berýär.

 

Çynar HOŞGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar