Ýaňy-ýakynda Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyzda amala aşyran iş saparyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň guramagynda Döwlet Baştutanymyzyň welaýatymyzyň ýolagçylaryna sowgat beren täze awtobuslary bilen Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen-Mary bölegine gezelenç guraldy.
Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ähmiýetiniň örän uludygyny ýaşlara giňişleýin ýetirmek maksady bilen guralan gezelenje TMÝG-niň Mary welaýat, etrap, şäher Geňeşleriniň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary we Ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary gatnaşdy.
Gezelenje gatnaşanlar jemi 6 hereket zolagyndan ybarat bolan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň aýratynlyklary bilen tanyş boldular. Ýoluň ugrundaky elektron terminallary, wideogözegçilik enjamlary, tizlik ölçeýjileri, aragatnaşyk nokatlary, ýangyç guýujy beketlerdir, naharhanalar we myhmanhanalar bilen çärä gatnaşanlaryň tanyş bolmagy, oňa gatnaşan ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Gezelenç çäresiniň dowamynda döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.