WAGYZ-NESIHAT IŞLERI DOWAM EDÝÄR

    Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşiniň, şäher häkimliginiň, Mary şäher Prokuraturasynyň, Mary şäher Polisiýa bölüminiň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de «Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň bilelikde guramagynda S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebinde maslahat duşuşygy geçirildi. «Sanly ulgamyň ösüşli gadamlary – ýaşlaryň röwşen geljegi» atly şygar astynda geçen duşuşyga ady agzalan guramalaryň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdy.

    Duşuşykda TMÝG-niň Mary şäher Geňeşiniň hünärmeni Abdylly Hudaýberdiýew, S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlary Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Aýna Kamarowa, Zenanlar guramasynyň başlygy Mahym Agaýewa, şäher Halk maslahatynyň agzasy Näzik Baýmyradowa dagylar çykyş etdi.

    Çykyş edenler güneşli Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagy, nazary bilimleriniň kämilleşdirilmegi, sanly tehnologiýalary özleşdirmek bilen, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmekleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy wezipeleriň hatarynda durýandygy barada giňişleýin durup geçdiler. Duşuşygyň dowamynda sanly ulgamyň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagy bagtyýar ýaşlarymyzyň bu ugurda has-da kämilleşip ösüşleriň öň hatarynda bolmagyna, täze döwrebap nesliň kemala gelmegine özüniň oňyn täsiriň ýetirýändigi baradaky buýsançly çykyşlara aýratyn ähmiýet berildi. Şeýle çykyşlaryň her biri bolsa, oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

    Maslahat duşuşygyna gatnaşanlar ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, lebzihalal nesiller bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Göwher KAKAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar